Söýgi hemme gulplary açýan altyn açardyr. Ol ýylyň haýsy pasyldygyna garamazdan , açylyp bilinýän ýeke-täk güldir. Söýgi durmuşyň özi, ol ähli zadyň özeni. Adam näme bilen güýçli? Öz söýgüsi bilen güýçli. Biziň bütin durmuşumyz söýgä esaslanan. Söýgüniň gymmaty onuň hakykylygynda, çynlygynda ýüze çykýar.
Adamzat tebigatynda iň beýik we ajaýyp söýgi öz Watanyňa bolan söýgüdir. Watana söýgi bütin adamzada söýgüniň bir bölegidir. Kim öz ýurduny söýmeýän bolsa, onda ol hiç zady söýüp bilmez. Watan söýgüsi hiç bir zat bilen ölçelmejek, deňeşdirilip bolmajak söýgüdir. Sen Watan meniň üçin näme edip biler ? diýme, Men Watan üçin näme edip bilerin? diýip sora. Watany onuň beýikligi ýa-da giňligi üçin däl-de onuň özüňkiligi üçin söýülýär. Öz Watanyny ýadyndan çykaran adam azaşan adamdyr.
Öz Watanyňa Eýe çyk! Watan ýeke-täkdir.Watan mukaddesdir. Ol ähli zatdan gymmatly. Her bir halk üçin hem Watan mukaddesdir, ýöne türkmen üçin onuň gymmaty başgadyr. Türkmen halky : “Müsürde şa bolanyňdan, öz ýurduňda geda bol”, “Towşana dogduk depe” , “Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar” diýip, ýurduna bolan söýgüni çuň many aňladýan gysgajyk sözde görkezip bilipdir. Watana salynan ýarany her birimiz ýüregimiziň çuňlugunda duýýarys. Watanyň abraýy biziň abraýymyz, Watanyň şöhraty biziň şöhratymyz.
“Dökülse, dökülsin söweşde ganyň
Ýöne dökülmesin adyň, abraýyň”
diýip, Watanyň abraýyny belentde tutmaklygy ata-babalarymyz ündäpdir. Biziň ata-babalarymyz Watana söýgüniň nusgasyny , öz ömürleriniň manysyna öwrüp, baky ýaşadypdyrlar. Watan hemme döwürlerde-de ähli zatdan mukaddes hasaplanylypdyr. Oňa bolan beýik söýgi, pederlerimiziň durmuş ýörelgesi bolupdyr.
Watançylyk duýgusy adama, ata pendi we ene söýgüsi bilen geçýär. Hakyky watançy bolmaklygyň esasy şerti mertlikdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “ Mertler Watany beýgeldýär ” diýýär. Watançylyk terbiýesi türkmen maşgalasynda terbiýäniň gönezligi hasaplanylýar. Iň esasy terbiýe – Цatan terbiýesidir. Watançylyk ruhy ynsany gaýratlandyrýar. Watana bolan söýgi bilen, ýetip bolmajak menzil, gazanyp bolmajak baýlyk ýok!
Türkmen halky bar zatdan ozal Watany goramagy ilkinji orunda goýupdyr. Ata-babalarymyz Watany mukaddes hasaplapdyrlar we mähriban Watanyň gullugynda durupdyrlar. Watana howp abanan güni, şirin janlaryny gurban edipdirler. Türkmeniň nesilbaşysy Oguz han duşmana: “Ýer bermeris , ser bereris” diýipdir. Atalarymyzyň ganyna boýalan topragymyz biziň üçin uly mukaddeslikdir sebäbi bu toprakda ata-babalarymyzyň her daban ýeri üçin döken gany ýatyr. Watan goragy öz mertebäň goragydyr. Watan goragynda iň zerur zat watançylyk ruhudyr. Watançylyk söz bilen däl-de iş bilen görkezmelidir. Biz Watany beýik işlerimiz , zähmet edermenliklerimiz bilen beýgeltmelidirs! Watanymyzyň at- abraýyny galdyrmak her birimiziň borjumyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň Watançylyk baradaky kitaplary türkmen ýaşlaryna ruhy güýç we egsilmez medetdir.
Türkmen halky elmydama parahatçylygyň tarapdary bolupdyr. Gylyjyny gynyndan diňe goranmak üçin çykarypdyr.XVIII asyryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň “Berkarar döwlet islärin” diýen arzuwyny amala aşyryp, türkmen halky Garaşsyz , özbaşdak döwlet döretdi. Soňra bolsa ony hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen berkitdi. Türkmen hemişe beýleki halklar bilen gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alypdyr.Türkmen halky hemişe islendik jedelli meseläni çözmegiň parahatçylykly ýoluny öňe sürüpdir. “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip, yglan edildi. Parahat ýaşaýyşda zeminiň gözelligi duýulýar.Türkmenistan zeminde parahat we awadan durmuşyň höküm sürmegi üçin, ýer ýüzünde ynsanperwer syýasaty ýöredýär.
Biziň ata-babalarymyz Watana söýgüniň beýik nusgasyn görkezdiler. Türkmeniň Watana bolan söýgüsini, Watana bolan buýsanjyny hiç bir güýç syndyryp bilmez! Watan söýgüsi –berk synmaz galadyr!
Bägül Gulnazarowa,
Mary şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň
11-nji synp okuwçysy
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!