ATAWATAN ESERLERİ

Söýgi-durmuşyň özeni

Söýgi-  wah  söýgi.Bu  bäş  harpdan  gelen  ýeňil  söz, çuňňur  manydan  ybarat  bolan  söz  hemmä  nesip  etmeýär. Çünki  söýgi  gel  diýen  wagtyň  gelmeýär, git  diýen  wagtyň  gitmeýär.Ony  satyn  alyp  bolmaýar, galam  bilen çyzyp  bolmaýar  we  bir  ýüregiňe  ýerleşensoň  çykaryp bolmaýar. Söýgi-belki  bu  jennetdir. Söýgi –belki  bu  Allanyň  bize  beren  peşgeşidir  we  meň  pikirimçe  şu  synag  bilen  sabyr  edip  göreşenler  hakyky  bagt  tapjaklardyr.  Men  şu  makalamy  söýgüli  ýan-ýoldaşyma  bagyşlaýan. Köp  gelin-gyzlara  söhbetdeş  boldum. Haýsysy  öz  durmuşyna  gaharlanýar, haýsysy  bolsa  nalynýar, buňa  takdyr  diýilýär. Menem  ýaşlygymda  köp  kynçylyk  gören  gyzdym. Ejemiň  ýeke  gyzy  men, kakam  ýaşlykda  ýogaldy, ýüzünem  görüp  bilmedim, ata  mährine  zar  bolup  ýaşadym. Her  turanymda  we  her  ýatanymda  kakamyň  ýüz  keşbini  göresim  gelýädi, hat-da  suratynam  görmedim. Gaty  kyn  eken  ýekelikde  ulalmak, ata  mährini  görmezlik, eje  janym meni  bakjak  diýip  işleýärdi, kakamyň  orny  bölek  eken. Hiçem  mähir  görmerin, söýüp  we  söýlüp  bilmerin diýen  pikir  bilen  ýaşadym. Ýok,ýalňyşdym. Geldi, on  ýyldan  bäri  ýaşap  ýören  ýan-ýoldaşym, söýgüli  ýarymy  berdi maňa  Alla. Muny  aýdanymyň  sebäbi, söýgi  haçan  gapyňdan  kakjagyny  bilmeýaň. Men  ony  çyndan söýýan, bu  hakyky  söýgi. Men  gaharlanan  wagtym, ol  meni  güldürýär. Ol  aç  bolsa  maňa  öz  paýynam  iýdirýär. Meniň  bir  ýerim  agyrsa, kesellesem ol  meniň  dermanym  bolýar. Ine-bu  söýgi. Menem  şol  ýagdaý, güýzde  ýapraklar  saralyp  düşüşi  ýaly,men  onsyz  solýan.Ol  meniň  damardaky  ganym,meniň  howam,halalym.On ýyl  bilelikde  köp  zat  gördük, gülüşdik, öýkeleşdik, aýrada  düşdük. Maňa  beýle  düşünýän, meni  hiçem  taşlamaýan, agyr  günde  arkamda dag  bolýan  söýgini  berdi maňa  Alla, maňa  başga  näme  gerek. Bir  hepde  işde  bolýar, bir  hepde  öýde, hepdäni  ýyl  geçen  ýaly  geçirýän. Janym  iýmese, menem  iýesim  gelmeýär. Ol  gitse  çydamok  aýra, edil  gaýdyp  görmejek  ýaly  was-wasylar  bolýar. Öýkeleşen  mahalym  başyma  pikir  gelýär. Ömrümiz  haçan  durjagyny  bilmeýäris. Belki  ýüregim  durar  ýa-da  ol  gaýdyp  gelmese  näme? Diýen  sorag  emele  gelýär. Ýok. Beýle  bolmasyn, beýle  bolmasyn  diýip aglaýar  ýüregim  we  ýene-de  ýarym  bilen  gülşüp  gidýäris. Ine, bu  söýgi  dälmi? Meniň  pikirimçe-söýgi. Nähili  agyr  gün  gelsin, kyn  gün  gelsin  bilelikde  biz  ähli  zady  ýeňeris, çünki  güýçli  söýgimiz  bar. Ýene-de men  size  bir  wakany  gürrüň  bereýin. 2016-njy  ýylda  men  agyr  kesele  duşdum. Elimde  dört  we  üç  ýaşly  ogullarym  bar. Men  şeýle  bir  ruhumdan  düşdüm, bu  älem-jahan  maňa  garaňky  bolup  görünýärdi, özümi  unutdym, ýaşamana  hiç  umyt  gözlemedim. Ýanymda  meniň  adamym, meniň  halalym  maňa  ýaşamana  sebäpçi  boldy. Ol  meniň  elimi  tutup, janym  sen  çagalaryňa  baş  bolmaly  sen  bize  gerek, sen  maňa  gerek  ezizim  diýip  üç  aýlap  meniň  ruhumy  galdyrdy, ömrümi  gaýtardy. Şükür  Alla  maňa  başga  näme  gerek? Meni  kesel  halatymda  taşlamady, maňa  garady, meniň  agylaryma  çydady, meni  aýagyma  galdyrdy. Men  sagaldym, dünýäde  başga  bagt  barmy? Ýanýoldaşyň  seni  şeýle  günlerde  söýmegini  unutmasa. Men  bir  zady  bilýän, ýanyňda  şunýaly  seni  söýýän, gadyrlaýan  we  wepaly  ýaryň  bolsa  seni  hiç  bir  dert  alyp  gitmez. Men  bagtly, biz  hemmämiz  bagtly, men  janyma  dünýäniň  ähli  gowulyklaryny  dileýän. Biziň soýgümiz  hakdyr, çünki  Alla  bu  söýgümiziň  üç  şaýadyny  goýberdi, üç  mähriban  perzentleri  goýberdi we  biz  bagtly. Her  çaga  köpelende-de biziň  söýgümiz  has-da  köpeldi. Meniň maslahatym  gelin-gyzlar, aga-doganlar söýüp  biri-biriňiziň  gadryňyzy  biliň, ömrüňizi  päk  geçirip  söýgüňizi  gizlemäň, ýan-ýoldaşyňyz dirikäk  ony  söýýänligiňizi  aýdyň.  Çünki  ertirki  günümiz  nädip  geljegini  bilmeýäris. Bir-biriňize  ýagşylyk  ediň, söýgüňizi  gadyrlaň. Meniň mähriban  adamym, ýüregim. Men  seni  daglarça, asmanlarça  söýýän. Barlygyňa  şükür. Meniň “Söýgi-durmuşyň özeni’’ diýen  makalam  siziň  göwnüňizden turar  diýen  umytda  men. Çünki  alty aýlyja  gyzym  bilen  bilelikde  ýazdyk.

 

                                                             Anželika Adakaýewa,

Gazojak şäheriniň ýaşaýjysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

                                                         

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri