DÜNÝÄ

Bir günde “El Kapitan” dagyna çykan ilkinji zenan hökmünde taryha girdi

Alpinist Emili Harrington ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň  Ýosemite milli seýilgähiniň meşhur “El Kapitan” dagynyň ýokarsyna bir günüň dowamynda çykyp, bu görkeziji bilen dünýäde ilkinji zenan  boldy. 34 ýaşly Harrington, Altyn derweze ugry boýunça dagyň depesine 21 sagat 13 minut 51 sekunt wagtyň dowamynda çykmagy başardy. “El Kapitan” dagy alpinistleriň arasynda iň kyn çykylýan daglaryň biri hasaplanylýar. Harrington özüniň daga çykyş işiniň dowamynda dagdan aýagy typyp, kellesine şikes alyp soňra bolsa bir sagatdan soň ýene-de dowam edendigini belläp geçdi.

“Dogrusyny aýtsam haçan-da men daga dyrmaşanymda boýun egmek isledim we bu meniň üçin kyn gelýändigini hem düşünýärdim, emma meniň üçin bu sportda bu netije bilen ilkinji zenan bolmak maksadym örän ýokarydy” diýip, Harrington buýsanç bilen belläp geçýär.

El Kaptan dagy barada maglumat almak isleseňiz onda biziň Ýosemite Jülgesi: Steve Jobsyň ylham mekany makalamyzy okap bilersiňiz!

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi

«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň Sloweniýadaky Ilçisi diplomatik korpus üçin guralan täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy