JEMGYÝET

100 ýyldan soň peýda bolan jandar

Ýitip barýan hajjyklar maşgalasyna degişli hameleon görnüşli jandar 100 ýyldan soňra täzeden peýda boldy. Madagaskar adasyny öwrenýän gözleg topary, soňky gezek bir asyr mundan ozal görülen “Woeltskowa” atly hameleony tutmagy başardylar.

Germaniýadan we Madagaskardan düzülen bilermenler topary, demirgazyk-gündogar Afrika adasynda geçirilen gözleglerde howp abanýan hameleonyň birnäçe nusgasyny tapdylar diýip, “Euronews” habar gullugy habar berýär. Bawariýa döwlet zoologiýa kolleksiýasy topary tarapyndan taýýarlanan we “Salamander” neşirinde çap edilen makalada, genetiki kartasy taýýarlanan bu haýwan “Laborde” atly hameleon diýlip kesgitlenildi. Tapylan bu iki görnüş Madagaskar adasynda diňe ýagyş möwsüminde we birnäçe aý ýaşap bilýärler. Şeýle hem alymlar öň hiç hili ýagdaýda resmileşdirilmedik hameleonyň urkaçysy barada maglumat toplaýarlar we olaryň köpeleşýän döwründe dürli reňkde bolýandygyny belleýärler. Hünärmenler tokaýlaryň azalmagy, bu görnüşli jandarlaryň ýitip gitmegi üçin uly howpdygyny nygtadylar.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar