BIZNES

Türkmenistan polietilen söwdasynyň jümmüşinde

Koronowirus pandemiýasy Ýer ýüzünde plastmassa önümlerine bolan islegiň azalmagyna getirdi. Onuň deregine bir gezeklik önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän polietilen halkara söwdanyň iň geçginli harytlarynyň birine öwrüldi.

Bu ýagdaý Türkmenistanyň DHÇMB-nyň söwdalarynda hem görünýär ― diýip, halkara garaşsyz «ARGUS MEDIA» agentligi ýazýar. Soňky aýlarda daşary ýurtly işewürler Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilen polietilene has uly gyzyklanma bildirýärler.

Şu ýylyň sekiz aýynda TDHÇMB-niň söwdalary arkaly 128,5 müň tonna polietilen satyldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 93,3 müň tonna köpdürŞeýlelikde, Hytaýa, Türkiýä, Russiýa we beýleki ýurtlara eksport edilýän bu önümlere bolan isleg takmynan 3,7 esse ýokarlandy.

Şeýle hem Türkmenistan Türkiýä pes dykyzlykly polietilen eksport edýän döwletleriň ilkinji üçlügine girdi. Ýokary dykyzlykly polietileniň hyrydarlarynyň arasynda bolsa Aziýanyň we Ýewropanyň köp sanly döwletleri bar.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy