BILIMPEÝDALY MASLAHAT

Daşary ýurtlarda okan Türkmenistanyň raýatlarynyň iş bilen üpjünçiligi

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärler boýunça daşary ýurtlarda okan Türkmenistanyň raýatlaryny iş bilen üpjün etmek, olaryň Sargytçy edara bilen  baglaşylýan şertnama laýyklykda düzgünleşdirilýär. Okuwyny tamamlap gelen we bilimi baradaky resminamasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ykrar edilen, Sargytçy tarapyndan iş bilen üpjün edilmedik raýatlaryň işe ýerleşmeklerine Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, onuň garamagyndaky zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda bar bolan boş iş orunlaryna laýyklykda ýardam berýärler diýlip Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 98-Ö belgili buýrugy bilen kabul edilen “Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärmenleriň ugurlaryny (hünärlerini) kesgitlemegiň tertibini tassyklamak barada” Tertipde aýdylýar.

Hormatly Okyjylarymyz,

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan2020-nji ýylyň 09-njy oktýabrynda 1392 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan bu Tertibi Size ýetirýäris.

 

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärmenleriň ugurlaryny 

(hünärlerini) kesgitlemegiň 

TERTIBI

I bap. Umumy düzgünler

  1. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärmenleriň ugurlaryny (hünärlerini) kesgitlemegiň tertibi (mundan beýläk – Tertip) “Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 1-nji maýynda çykaran 14226-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň on dokuzynjy bölegini ýerine ýetirmek maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.
  2. Şu Tertip ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärmenleriň ugurlarynyň (hünärleriniň) sanawyny işläp düzmegiň tertibini kesgitleýär we ýurdumyzyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we hünärleriň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hökümetara, pudagara halkara şertnamalaryna laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanylmagy zerur hasaplanylýan hünärmenleriň ugurlaryny (hünärlerini) kesgitlemegi düzgünleşdirýär.
  3. Daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärmenleriň ugurlary (hünärleri) boýunça sargytlar Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri (mundan beýläk – Sargytçy edaralar) tarapyndan berilýär.

II bap. Daşary ýurtlarda taýýarlanylmagy zerur hasaplanylýan hünärmenleriň ugurlaryny (hünärlerini) kesgitlemek

  1. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanylmagy zerur hasaplanylýan hünärmenleriň ugurlary (hünärleri)  Türkmenistanyň hökümetara, pudagara halkara şertnamalaryna laýyklykda kesgitlenýär.
  2. Sargytçy edaralar her ýylyň ýanwar aýynda öz pudagynyň zerurlyklary üçin gerek boljak hünärmenleriň ugurlary (hünärleri)  boýunça sargytlaryny Türkmenistanyň Bilim ministrligine we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine ugradýarlar we sargytlar bu ministrlikler  tarapyndan öwrenilýär we umumylaşdyrylýar.
  3. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanylmagy zerur hasaplanylýan hünärmenleriň ugurlary (hünärleri) öwrenilende şol ugryň (hünäriň) ýurdumyzyň çäginde taýýarlanmaýandygy, ýa-da az sanda taýýarlanýandygy, hünärmenleriň bu ugry (hünäri) boýunça taýýarlaýan daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdebiniň dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyna giren ýokary okuw mekdepleriň hataryna girýändigi  göz öňünde tutulmalydyr.
  4. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanylmagy zerur hasaplanylýan hünärmenleriň ugurlary (hünärleri) baradaky maglumatlaryň halk köpçüligi üçin elýeterligini üpjün etmek maksady bilen bu maglumatlar Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtlarynda çap edilýär we halk köpçüligi üçin elýeter bolmalydyr.
  5. Daşary ýurt döwletleriniň orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanylmaly hünärmenleriň ugurlary (hünärleri) saýlanyp alnanda “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy kararyndan  ugur alynmalydyr we Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen ugurlar göz öňünde tutulmalydyr.
  6. Türkmenistanyň Bilim ministrligi daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň sanawy boýunça okuwyň gündizki görnüşinde hünärleriň derejesi we ugurlary boýunça okadyljaklaryň ugurlaryny (hünärlerini) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşýar.
  7. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärmenleriň ugurlary (hünärleri) boýunça Türkmenistanyň hökümetara, pudagara halkara şertnamalarynyň  çäklerinde bölünip berilýän talyp ýerleriniň hasabyna ýurduň çäklerinden daşarda okamaga ugradylýan Türkmenistanyň raýatlaryna hödürlenilýän hünärleriň sanawy, talap edilýän resminamalar we şertler, kabul ediş toparynyň ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda çap edilýär  we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly halka ýetirilýär.

III bap. Ykdysadyýetiň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärler boýunça okuwa ibermek

  1. Türkmenistanyň hökümetara, pudagara halkara şertnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärler boýunça daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa iberiljekTürkmenistanyň raýatlary okuwa bäsleşik esasynda seçilip alynýar.
  2. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärler boýunça okuwa iberilen raýat bilen Sargytçy edaralaryň arasynda şertnama baglaşylýar. Onda tölegleriň möçberi we tertibi, okuw tamamlanandan soň hünärmeniň Sargytçy tarapyndan işe ýollanan ýerinde bäş ýyl işlemek boýunça şertleri, şertnama boýunça borçlary ýerine ýetirmekden ýüz dönderilende okadylmagy bilen bagly çykdajylaryň öweziniň yzyna gaýtarylmagynyň şertleri görkezilmelidir.
  3. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärler boýunça daşary ýurda okuwyň gündizki görnüşi boýunça okamaga ugradylanlar okuw ýyllarynyň aralygynda Türkmenistanyň edara we kärhanalarynda önümçilik tejribelerini geçip bilýärler.

 

IV bap. Daşary ýurtlarda okan Türkmenistanyň raýatlarynyň iş bilen üpjünçiligi 

 

  1. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärler boýunça daşary ýurtlarda okan Türkmenistanyň raýatlaryny iş bilen üpjün etmek, olaryň Sargytçy edara bilen  baglaşylýan şertnama laýyklykda düzgünleşdirilýär.

Okuwyny tamamlap gelen we bilimi baradaky resminamasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ykrar edilen, Sargytçy tarapyndan iş bilen üpjün edilmedik raýatlaryň işe ýerleşmeklerine Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, onuň garamagyndaky zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda bar bolan boş iş orunlaryna laýyklykda ýardam berýärler.

  1. Şu Tertip bilen düzgünleşdirilmedik beýleki gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Aşgabat şäherinde III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

Türkmen wekiliýeti Kazanda türkmen talyplary bilen duşuşdylar

Türkmenistanyň «Memoriad 2024» bäsleşigine gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkiýede 200 döwletden 340 müň talyp bilim alýar

Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Belarusyň döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanly mugallymlar Ýaponiýada hünärini ýokarlandyrýarlar