Geçen hepdäniň ýekşenbesinde Täjigistan Respublikasynda prezident saýlawlary geçirildi. Bu iri syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň netijesinde, ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon ýeňiş gazanyp, täzeden prezidentlige saýlandy. Bu onuň prezident saýlawlaryndaky 5-nji ýeňşidir. Bu barada “Ria Nowosti” habarlar gullugy habar berýär.
Täjigistanyň Merkezi saýlaw komitetiniň ýolbaşçysy Bahtiýor Hoduerzoda saýlawlaryň netijesi barada eden çykyşynda: “Deslapky netijelere görä, prezident saýlawlarynda ýurduň döwlet baştutany Emomali Rahmon ýeňiş gazandy. Oňa saýlawçylaryň 90,92 göterimi ýa-da 3,837 milliony ses berdi. Umuman, saýlawlara 4 million 221 müň saýlawçy gatnaşdy” diýip belledi.
Prezident saýlawlaryna dürli syýasy partiýalardan 5 dalaşgär gatnaşdy. Olar: häzirki Prezident Emomali Rahmon (Halk-demokratik partiýasy), Miroj Abdulloyew (Kommunistik partiýasy), Rustam Latifzoda (Agrar partiýasy), Rustam Rahmatzoda (Ykdysady özgertmeler partiýasy) we Abduhalim Gafforzoda (sosialistik partiýa).
Ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon üçin bu saýlawlar bäşinji saýlaw boldy. ýurtda prezident saýlawlaryna GDA, ŞHG, ÝHHG, Döwlet Dumasy we Federasiýa Geňeşi ýaly halkara we sebit guramalaryndan synçylar gatnaşdy.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!