JEMGYÝET

Baş konsul Kazanda täze seýilgähiň düýbüni tutmaga gatnaşdy

Kazan şäherinde täze seýilgäh döredildi. Ol «Syýahatçylyk seýilgähi» diýlip atlandyrylýar. Täze seýilgähiň düýbüni tutmaga — bu ýerde agaç nahallaryny oturtmaga Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow hem gatnaşdy.

Şeýle ähmiýetli çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Tatarystanyň Hökümetine minnetdarlygyny bildiren Baş konsul, Russiýada bolşy ýaly, Türkmenistanda hem ýaşyl ekologiýa uly ünsüň berilýändigini aýtdy. «Bu gün bolsa biz pikirlerimizi bilelikde durmuşa geçirýäris» diýip, ol bu çäräniň ähmiýetine ünsi çekdi.

Ýeri gelende aýtsak, Kazandaky täze seýilgähiň düýbüni tutmak dabarasy şäheriň syýahatçylyk guramalary we kompaniýalary tarapyndan geçirildi. Şonuň üçin hem oňa dürli myhmanhanalaryň wekilleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdy.

Nahal oturdylandan soň, täze Syýahatçylyk seýilgähinde ýadygärlik nyşany goýuldy. Onda şeýle sözler bar: «Adam köküni bilip, durmuşda goldaw tapýar, syýahat edip, durmuşyň özenini tapýar».    

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Related posts

Aziýa Kubogy: Toparçalardaky Duşuşyklarynyň Tertibi

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl Sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda iýun aýynda geçiriljek esasy çäreler