SIZDEN GELENLER

Möwsümiň peýdaly limonadynyň taýýarlanyşy

Mähriban okyjylar, size bu gezek 2-3 sany önümler bilen, möwsümde saglyga peýdaly limonadyň taýýarlanyşy barada maglumat bermekçi.

Munuň üçin gerekli önümler:

 

  1. 1. 1 sany limon
  2. 2. 1 sany pyrtykal
  3. 3. 1 ýa-da 1,5 bulgur şeker
  4. 4. 1 litrden gowrak suw

  • Bellik: Pyrtykala allergiýaňyz bolsa, içmeklik maslahat berilenok!

 

Taýýarlanyşy:

 

Ilki bilen elimizdäki pyrtykalyň we limonyň kesilmegi aňsat bolar ýaly, ýarym sagat ýaly doňduryjyda saklamaly. Soňra ony kiçiräk böleklere bölmeli we  ir-iýmiş dograýjy enjamdan gowy edip geçirmeli. Gowy edip ezilenden soňra şekerimizi goşup, gowy edip garmaly. Garylan miwelerimizi grafindaky 1 litrden gowrak suwymyza goşmaly we çemçe bilen gowy edip garyşdyrmaly.

Iň soňky ädimimiz bolsa, taýýar bolan limonad suwyny süzgüçden geçirmeli. Ine, mähriban okyjylar limonadymyz hem taýýar boldy. Isleseňiz muny gazly suw bilen hem taýýarlap bilersiňiz.

 

Noş bolsun!

 

Taýýarlan: Aýşirin Alyýewa,  

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş

uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

 

Bulary hem okap bilersiňiz!

Ertirlik üçin byzmyk

Şerbetli keksiň taýýarlanyş usuly (ıslak kek)

 

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat