Umumy häsiýetnama
Jedi (22.12 —20.01) akylly we işeňňirdir. Halaýan reňki — goýy gök. Üstünlik getirýän daşy — lazurit. Maksadaokgunly, kynçylyklara çydamly we jogapkärli bolmak — jediniň iň oňat häsiýetleridir. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar ýekelikden gorkanoklar. Islendik durmuşy kynçylyklara çydamlydyr. Öz içgin duýgularyny hiç kime diýmez. Aňsat-aňsat dost tutunmaz, emma ýitirmek hem islemez. Jediniň göwnüni almak kyndyr.
Bu ýyldyzyň astynda doglanlar diňe özüniň ýakyn adamlaryna däl, eýsem başga ýat kişilere hem zerur bolsa ýardam ederler. Ol elmydama ýokary wezipelere ymtylýar. Duýguçyl bolmadyk, tertip-düzgüniň berjaý edilmegini talap edýän jediler biznesde hem üstünlik gazanyp bilerler. Esasan hem iri önümçilik işlerini jedilere ynansaň, alnyp barylýan iş üstünlikli ýerine ýetiriler. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar harby gullukçylar hem bolup bilerler. Sebäbi harby gullugynda jedilerde bar bolan düzgün-nyzam ýerine ýetirmek ukyby zerurdyr.
Ykdysady işleri jedilere ynansaňyz ýalňyşmarsyňyz. Aňsatlyk bilen dolandyryp, başlan işini üstünlikli dowam etdirýär. Ýöne öz halamaýan adamalaryna boýun egmegi halamaýarlar.
Umuman, jediler hasaply. «Hasaply dost uzaga gider» ýörelgesi jediler üçin wajypdyr. Olar tarap hem tutmaýarlar, onuň üçin ähli adam bir.
Artykmaçlyklary we kemçilikleri
Iki aýratyn tapawutly jedileri belläp bolar. Olaryň biri zähmetsöýer. Bu jediler ömrüniň köp bölegini zähmete, işine bagş edýärler. Şeýle-de beýleki jediler dolandyrmagy, ýolbaşçylyk etmegi halaýarlar. Olar maşgaladan başlap, uly edaralara çenli oýlanyşykly hereket edip dolandyryp bilerler.
Islendik başlan işinde üstünlik gazanmaga ymtylýarlar. Maksat nähili uly we beýik bolsa, oňa ýetmek hem şonça gyzykly…45 ýaşdan soň, jediler “gülleýärler”. Söýgüde we işde tejribe alan jedi, bagtly durmuşda ýaşar.
Onuň şahsy teribesi, ynamdar tanyşlar — jediler üçin juda möhümdir. Jedileriň maksadaokgunlylygy durmuşda gabat gelýän köp kynçylyklardan baş alyp çykmaga ýardam edýär. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar sabyrlydyrlar. Olar elmydama ruhy we akyl taýdan kämilleşip durmaly. Sebäbi ruhy kämilleşmedik jedi — ýüregedüşgünç we ruhyçökgündir. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar ökde türgen hem bolup bilerler. Olar awtomobil sportlary bilen gyzyklanýarlar, şeýle-de “alpenist” bolmaga hem ukyply. Muňa garamazdan jediler sazy hem halaýarlar. Owadan saz olara ruhy goldaw berýär.
Biwepalygy bagyşlap bilenoklar. Gerek ýerinde garaşylmadyk hereketleri edip hem bilýärler. Olar biwepalyk edeni üçin däl, özüne biwepalyk edilenini kabul edip bilmeýärler. Sebäbi bu ýyldyzyň astynda doglanlar özüni söýýärler.
Söýgüde
Jediler gysga wagtlyk gatnaşyklary halamaýarlar. Olar geljekde ýanýoldaşy boljak adamlar bilen gatnaşykda bolar. Jedi bilen durmuş gurjak adam: maksadaokgunly, zähmetsöýer we ynamdar bolmaly. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar gabanjaňdyrlar. Jediler jediler bilen durmuş gursa berk maşgala emele geler. Şeýle-de akrap bilen hem oňat oňuşýarlar.
Saglygy
Jedileriň köplenç dyzy agyrýar. Şeýle-de bu ýyldyzyň astynda doglanlar aşgazan agyrysyndan hem ejir çekýärler.
Duz ýygnanma, osteohondroz ýaly keseller köp gabat gelýär. Olar özüne oňat seretmelidirler, kadaly iýmitlenmeli we sport bilen meşgullanmaly. Uzak ýaşaýarlar.
Halaýan ýurtlary
Hytaý, Owganystan, Albaniýa, Islandiýa, Meksika, Bolgariýa, Tibet, Estoniýa.
Meşhur jediler
Marlen Ditrih, Ýana Rudkowskaýa, Renata Litwinowa, Keýt Moss, Janna d’ark, Dima Bilan, Mihail Boýarskiý, Mao szedun, Entoni Hopkins, Isaak Nýuton, Merilin Menson, Elwis Presli, Konstantin Habenskiý, Orlando Blum, Martin Lýuter, Benjamin Franklin, Al Kapone, Martin Lýuter King, Jim Kerri, Muhammed Ali, Jerar Depardýe, Andreana Çelentano, Jared Leto, Keýt Moss.
Beýleki ýyldyzlary hem okap bilersiňiz!
Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar
Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?
Bulary hem okaň!
Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda