Belki-de siz “Durmuşy söýüň, durmuş sizi söýer” diýen jümläni eşiden bolsaňyz gerek. Siziň pikiriňizçe bu näderejede dogruka? Bu soraga jogap: durmuşy söýmek bilen nämäni aňladýandygymyza we durmuşyň bize bolan söýgüsi bilen nämäni aňladýandygymyza. Käbir adamlar bu sözlemi eşidip, oňa ähmiýet berýärler diýen äheňde “Häzirki wagtda durmuşymda köp kynçylyklar, meseleler, çözülmedik meseleler bar. Ähtimal, durmuş meni ýeterlik söýenok, sebäbi men ony ýeterlik söýemok. Şeýdip kynçylyklarymdan dynmak üçin durmuşy has gowy görmäge synanyşaryn” diýen netijä gelýärler. Durmuşa bolan söýgimiz kynçylyklarymyzy özi çözer, durmuşymyzy aňsat eder diýip garaşmak uly ýalňyşlyk bolar. Şeýle-de bolsa, düşünjeli ýaşaýan we üstünlik we bagt üçin ymtylýan adam üçin durmuş söýgüsiniň ýeke-täk ýagdaýdygyna ynanmak bolar. Durmuşy söýmezlik, yzygiderli azap we ejir çekmegi, hemişe nägileligi başdan geçirmegi aňladýar. Şeýle durmuşy mynasyp durmuş diýip atlandyrmak kyn elbetde. Durmuş söýgüsini saýlasak, durmuşy söýmegi öwrenip bileris. Söýgi diňe bir duýgy däl, ol özümiziň saýlap biljek we durmuşymyzy has ýokary derejä çykarýan saýlawymyzdyr. Durmuşa bolan söýgi, ähli kynçylyklara we şowsuzlyklara gözümizi ýumup bilmekdir, ol dem alýan, ýaşaýan her günüň lezzetidir. Durmuş ajaýyp zat. Ondaky esasy zat bolsa, onda göwnüňiziň aram tapjak bir zadyny tapmakdyr we töweregeňiziň diňe gowy adamlar bilen gurşalmagyny gazanmakdyr. Şuňa synanyşsak durmuş hakykatdanam gyzykly bolar. Söýgi ýokarydan adama berlen ýerdäki iň owadan duýgydyr. Söýgi adamlaryň duýgy durmuşynda iň düşnüksiz we syrly hadysadyr. Bagtly söýgi adamy ruhlandyrýar, başyny göge ýetirip bilýär. Biri şahyrana duýga eýe bolsa, beýlekisi galamdyr boýagyny ele alanyny bilmän galýar. Aşyklar duýgulary hakda bütin dünýä gygyrmak isleýärler. Söýgi diňe bir gowy sözler däl. Birek-birege hormat goýmazdan, birek-birege sabyr etmezden, iň hyjuwly söýgi uzak ýyllara çekip bilmez. Akyldarlaryň aýdyşy ýaly “Söýgini gazanmak aňsat, ýöne saklamak kyn” diýýänleri ýöne ýerden däl. 40-50 ýyl bäri bile ýaşaýan jübütleriň bagtynyň esasy düzgünleri bar. Olaryň muny sabyr, üns we hormat diýip atlandyrmagy gyzykly zat. Her kimiň kyn günlerde bil baglamak üçin ygtybarly egnini duýmagy gaty möhümdir. Köpler ýokardakylaryň hemmesi bolmasa söýginiň mümkin däldigi bilen ylalaşarlar diýip pikir edýärin. Söýgi – ajaýyp duýgy. Ol ýönekeý we kyn, ajy we gözýaş, düýşler we aýralyk diýen zatlary öz içine alýar. Söýgini düşündirip bolmaýar, ýöne oňa düşünmek üçin diňe söýmeli. Lew Tolstoý şeýle belläp geçýär: “Söýgi – durmuşyň güýji. Söýgi ähli düzgünleriň ýerine ýetirilmegi üçin düzgün”. Ilkinji söýgi her bir adamyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Ilkinji söýgi hakda aýdanymyzda, adamlar, elbetde, çagalyk ýyllaryny, çagalar bagyny, ilkinji tanyşlyklaryny, ilkinji bakyşlaryny ýada salýarlar. Hawa. Muny ýada salanymyzda ýüzlerimizde diňe ýylgyryş peýda bolýar. Ilkinji söýgi adamyň ömürboýy ýadynda galýar. Durmuşa bolan söýgi bolsa ilkinji nobatda ýakynlarymyzyň biz hakyndaky aladasy bilen döreýär. Olaryň idegi, bize okuwa bolan söýgini döredişi, durmuşda öz ornumyza tapmak üçin elinden gelen şertleri döredişleri näçe jan etsegem yzyna gaýtaryp bolmajak derejededir. Öýüň ýaraşygy bolsa, eje. Ejeler durmuşa bolan söýginiň gözbaşydyr. Bu gün men durmuşymy söýýän, sebäbi oňa bolan söýgini mende ejem oýardy. Şu ýerde şahyr Gurbandurdy Gurbansähedowyň “Dünýäniň bar görki enedir ene” diýen setiri serime dolýar.
Eje. Bu umumy söz ýaly bolup görünýär, ýöne içinde näçe mähir, ýylylyk we näziklik bar. Enäniň ýüregi söýgiden püre-pür! Dünýäde ejeden has ýakyn we eziz adam ýok. Ol göriplik etmeýär, erbet zatlar islemeýär. Onuň gözünde diňe çagasy üçin buýsanç bar. Eje elmydama sen hakda alada edýär we kyn günlerde kömek edýär. Onuň söýgüsi bütin ömrümizde ýoldaşlyk edýär. Ulalanymyzda ejemiz bize maslahat berýär. Ene söýgüsiniň güýji hemme zady ýeňýär. Uzakdan hem bu mährem ynsanyň goldawyny duýýarys. Enäniň söýgüsi iň wepaly, sebäbi eneler hemme zady bagyşlap bilýärler. Ejelerimize mähri we aladasy üçin näçe minnetdarlyk etsegem azdyr. Ol bize hoşniýetliligi, adamkärçiligi we duýgurlygy öwredýär. Ejelerimizden görelde alyp, biz hem görelde bolýarys. Tükeniksiz söýgüleri üçin biz olara minnetdar bolmaly. Olar biziň üçin bütin dünýä. Ejäniň gözleri. Ol gündizlerine ýagty şöhle, agşamlaryna nurly şöhle bolup ykballarymyza nur çaýýar. Mähri bilenem çoýýar. Biz olaryň gulagymyza huwwalan aýdan hüwdileri, üwrän sallançaklarynyň bady bilen şu derejä geldik. Neneň onsoň bu durmuşy söýmejek!
Ahmet ATANYÝAZOW,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy.
Hormatly okyjylarymyz!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip, şol ýerden “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!