JEMGYÝET

Milli Liderimiz welosipedli gezelenç etdi

Hormatly Prezidentimiz dynç güni säher bilen dag eteklerinde welosipedli gezelenç etdi we ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden milli Liderimiziň bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýändigi hemmelere mälimdir.

Milli Liderimiz adaty endigine eýerip, dag eteklerinde welosipedli menzil aşdy we bedewler bilen didarlaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, welosiped sporty bedeni kämilleşdirmäge, onuň kesellere garşylygyny berkitmäge ýardam berýär. Türkmenistanda sportuň bu görnüşiniň ekologiýa taýdan arassalygyna mynasyp baha berilýär. Şonuň netijesinde, welosiped sportunyň muşdaklarynyň sany ýylsaýyn artýar.

TOKAÝ ZOLAKLARYNYŇ TEBIGATA PEÝDASY

Häzirki maglumatlara görä, sosna tokaýlygynyň bir gektary gije-gündizde fitonsidleriň 5 kilograma golaýyny, arça tokaýlygy bolsa 30 kilograma golaýyny bölüp çykarýar. Bu görkezijiler ortaça ululykdaky bir ilatly nokady ençeme betbagtlykdan goramaga ýeterlikdir, munuň özi wiruslaryň ýaýran döwründe has-da wajypdyr.

Soňky ýyllarda gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy bilen, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň töwereklerinde hem millionlarça düýp bag nahallary ekildi. Halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolan bu asylly çäre her ýyl geçirilýär, adamlar bu işe höwes bilen gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde, tokaý zolaklarynyň çägi giňelýär, bu bolsa ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna ýardam edýär.

SERHETÇILERIŇ ŞERTLERI BILEN GYZYKLANDY

Döwlet Baştutanymyz ýolugra ata Watanymyzyň mukaddes çäklerini goraýan we gulluk borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýän esgerleriň ýanynda saklandy. Nobatçy esger serhediň asudadygy barada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty kabul edip, serhetçileriň gullugy, dynç alyş şertleri bilen gyzyklandy. Harby gullukçylar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen serhet galasynyň döwrebap toplumynda ähli zerur şertleriň, amatly mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, munuň üçin milli Liderimize ähli serhetçileriň adyndan hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz serhetçileriň gulluga gelip, öwrenýän hünärleri, dynç alyşlary we naharlanyşy bilen gyzyklandy. Harby gullukçylar serhet galasynda beden we ruhy taýdan kämilleşmek, şol sanda sport bilen meşgullanmak üçin amatly şertleriň döredilendigini buýsanç bilen aýtdylar.

ŞYPAHANANYŇ IŞI BARADA MAGLUMAT ALDY

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň töweregi boýunça welosipedli gezelenjiniň barşynda Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň çäginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän şypahananyň ýanyna geldi. Bu ýerde gurluşyk işleri bilen bir hatarda, şypahana gelýän gara ýoly çekmek batly depginde alnyp barylýar.

Bu ýerde gurluşyk toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza alnyp barylýan işler, şeýle hem toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz gurluşygy dowam edýän şypahanada işler bilen tanyşlygyň barşynda, bu ýerde Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-kliniki merkezini gurmak barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu merkeziň maksady sebitiň, hususan-da, Aral deňziniň tebigy gurşawynyň aýratynlyklarynyň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini azaltmagy öwrenmekden we öňüni almakdan ybarat bolar.

Bellenilişi ýaly, şypahana toplumy häzirki zamanyň ösen tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylar. Onda lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri ýola goýlar. Milli Liderimiz işleriň barşy bilen tanşyp, gurluşygyň bellenilen möhletinde tamamlanmagynyň hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň esasy talap bolup durýandygyny belledi.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler