1-nji sentýabrda, Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Köpurugly sport merkezi — talyplar üçin
“Ajaýyp gurlyşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze okuw-edara toplumynyň hatarynda talyp türgenler üçin köpugurly sport merkezi hem bar. Açylyş dabarasynda çykyş eden milletiň Lideri toplumyň içinde sportuň futzal, woleýbol, tennis we basketbol görnüşleri bilen meşgullanýan türgenler hem-de olaryň tälimçileri bilen söhbetdeş boldy.
Türkmen olimpiýaçylaryny we ýokary hünärli tälimçiler düzümini taýýarlamak üçin ygtybarly binýada öwrüljek iki gatly köpugurly sport toplumynda bilýard we küşt üçin niýetlenen zallar, mugallymlar üçin niýetlenen otaglar hem-de bedeni owkalaýyş otaglary, lukmançylyk bölümi hem-de beýleki otaglar ýerleşýär.
Binanyň birinji gatynda ýerleşen türgenleşik meýdançalarynyň ählisi 100 adama niýetlenendir, ikinji gatda bolsa bir wagtyň özünde 50-den gowrak talyp meşgullanyp biler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sport toplumynyň binasyndan çykyp, ýanaşyk ýeriň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Şol ýerde bäş gatly 450 orunlyk umumyýaşaýyş jaýy, dynç alyş zolagy, awtoduralga, welosiped we ylgaw ýodajyklary döredildi. Döwlet Baştutany bag ekmek meselesine aýratyn üns berip, nahallary seçip almak babatda maslahatlary berdi. Olar howany kislorod bilen baýlaşdyrmalydyr we estetiki taýdan lezzet bermelidir hem-de türgenleşiklerden soň güýç toplamaga ýardam etmelidir diýip, milletiň Lideri belledi.
Olimpiýa çempionlaryny taýýarlajak täze fakultet
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde, binanyň girelgesiniň öňünde döwlet Baştutanymyzy döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň içine girip, onuň tehnologik üpjünçiligi bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda bu ýerde talyplaryň 508-si okaýar we türgenleşýär. Bu ýerde ylym bilen baglanyşykly maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly olimpiýaçy türgenleri taýýarlamagyň köpugurly ulgamy üçin ajaýyp şertler döredildi. Toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, okuw otaglary döwrebap kompýuterler bilen üpjün edildi.
Fakultetiň ylmy binýady okuw-türgenleşik işiniň ýokary lukmançylyk-biologik we psihologik tehnologiýalaryny, türgenleriň ýagdaýyny barlamagyň döwrebap usullaryny ulanmaga mümkinçilik berer.
Bu ýerde sport lukmançylygy kafedrasy, ýokary dag şertli kardio-türgenleşik otagy, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler üçin türgenleşik zaly, myşsalary ölçemek hem-de seljermek üçin barlaghanalar we beýlekiler ýerleşýär.
Binanyň ikinji gatynda sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen kompýuter, lingafon otaglary hem-de maslahatlar zaly bar. Üçünji gatda boksçulary, dzýudoçylary, grek-rim we erkin göreşiň, karateniň, taekwondonyň, gylyçlaşmagyň, stoluň üstünde oýnalýan tennisiň we sportuň beýleki görnüşleriniň ussatlaryny taýýarlamak üçin niýetlenen türgenleşik zallary hem-de okuw otaglary ýerleşýär.
Milletiň Lideriniň sagdynlyk göreldesi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anyklaýyş zalyna baryp, türgenleriň işe ukyplylygynyň esasy ýagdaýlaryna baha bermek üçin niýetlenen hem-de bu maglumatlaryň esasynda türgenleri taýýarlamaga usullary we özbaşdak maksatnamalary saýlap almaga kömek edýän bu ýerde gurnalan ýörite döwrebap enjamyň iş aýratynlyklary hem häsiýetnamalary bilen giňişleýin gyzyklandy.
Türgenleriň fiziki we fiziologik ýagdaýlarynyň görkezijilerini kesgitleýän täze abzallaryň birnäçesini döwlet Baştutanynyň hut özi synag etdi hem-de şunuň ýaly ýokary takyklygy bolan ugurdaş anyklaýyş enjamynyň türgenleşikde agram salmagyň ýygylygyny we dowamlylygyny üýtgetmäge hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.
Soňra döwlet Baştutany trenažýor zalyna bardy. Giň zalda lukmançylyk ylmynyň gazananlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan innowasion sport-sagaldyş tehnikasy ýerleşýär.
Enjamlary saýlamaga hem-de türgenler üçin ýörite türgenleşik maksatnamalaryny düzmäge gatnaşan itness boýunça meşhur nemes hünärmeni Bert Rouşenbah täze sport toplumynyň enjamlarynyň we trenažýorlarynyň häsiýetnamalary hem-de aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Bu ýerde milletiň Lideri trenažýorda käbir maşklary, şol sanda westibulýar synalary türgenleşdirmek üçin niýetlenen maşklary ýerine ýetirdi.
Ministrligiň täze binasy
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasyna ugrady we şol ýerde toý bagyny kesdi.
Binanyň birinji gatynda 300 orunlyk mejlisler zaly, 2 — 7-nji gatlarynda edaranyň işgärleri üçin otaglar ýerleşýär. 8-9-njy gatlarda sport täzeliklerini we habarlary ýazmak hem-de ýaýlyma goýbermek üçin niýetlenen studiýalar we tehniki otaglar bar.
Döwlet Baştutany bu ýerde döredilen sport muzeýine hem baryp gördi. “Afrika Eсo Raсe” ralli-marafonynyň ýolbaşçysy Žan-Lui Şlesser tarapyndan döwlet Baştutanyna gowşurylan “Amul — Hazar — 2018” halkara awtorallisiniň ýörite baýragy, milletiň Lideriniň bu ýaryşlaryň ilkinji tapgyryndaky çykyşynda geýen sport lybaslary, Aşgabat Aziadasynyň türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesiniň esasy meýdanynda geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna berlen çakylyk haty, Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan milletiň Liderine dünýä giňişliginde sambony ösdürmäge uly goşant goşandygy üçin 2019-njy ýylyň aprel aýynda gowşurylan Halkara sambo federasiýasynyň güwänamasy, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan dürli üstünlikleri üçin berlen Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamalary, 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň medallary, köp sanly kuboklar we dürli ýaryşlaryň baýraklary we beýlekiler bu muzeýde öz ornuny tapypdyr.