BIZNES

EKSPO-2025: Osaka şäherinde türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçiriler

2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň çäginde, Türkmenistanyň Milli pawilýonynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçiriler. Bu möhüm çärä, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, şeýle hem agzalarynyň birnäçesi  gatnaşar.

Maslahatda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze işewürlik mümkinçiliklerini açmak we geljekki taslamalar boýunça özara pikir alyşylar. Şeýle-de, Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri, täze tehnologiýalar we hyzmatdaşlyk edilýän ugurlarda dürli kompaniýalaryň gatnaşyklaryny güýçlendirmek üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu forum, Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak, özara bähbitli işewürlik hyzmatdaşlyklaryny ýola goýmak we serginiň çäklerinde iki ýurduň ykdysadyýeti üçin peýdaly täze başlangyçlary tapmak üçin möhüm ädim bolar.

Related posts

«Sanly TIR» ulgamynyň ornaşdyrylyşy boýunça tejribe duşuşygy

Türkmenistanda pagta meýilnamasy ýerine ýetirildi

Ata Watan Eserleri

Tatarystan Türkmenistana “Aurus” kysymly awtoulaglary teklip etmegi meýilleşdirýär