DÜNÝÄ

Hytaýyň Türkmenistandaky täze ilçisi bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň syýasy dialogyň güýçlenmegine goşant goşýandygyny bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň çäginde taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan “ESKPO 2025 Osaka” sergisiniň ýygnagyna gatnaşdy

Maslahatlar merkezindäki ilkinji gol çekişlik dabarasy

Ata Watan Eserleri