SPORT

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi futbol boýunça dünýä çempionatyndan 3,3 milliard dollar girdeji alar

Nýu-Ýork şäheri we Nýu-Jersi ştaty 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyndan 3,3 milliard dollar girdeji gazanar. Bu barada “Bloomberg” neşiri habar berýär.

Dünýä çempionatynyň sekiz duşuşygy, şol sanda final oýny Nýu-Jersi ştatynda ýerleşýän “MetLife” stadionynda geçiriler.

Hökümetler  çempionata takmynan 1,2 million syýahatçynyň we janköýeriň gelmegine garaşýarlar, bu bolsa sebitiň sarp ediş çykdajylarynyň takmynan 1,7 milliard dollar artmagyna getirip biler.

Hasaplamalara görä, dünýä çempionaty 26 müň täze iş ornuny döreder, zähmet bazarynyň ýokarlanmagy bolsa şäheriň we ştatyň ykdysadyýetine goşmaça 1,3 milliard dollar girdeji getirer. Ýerli býujet üçin goşmaça salgyt girdejileri we ýygymlar takmynan 432 million dollar bolar.

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionaty 11-nji iýun – 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada ýerleşýän 16 şäherde geçiriler. Bu ýaryşa ilkinji gezek 48 topar gatnaşar.

Ýene-de okaň

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy