SPORT

“Mançester Ýunaýted” täze hüjümçisini hödürledi

“Mançester Ýunaýted” resmi taýdan hüjümçi Braýan Mbemonuň “Brentford” klubundan geçendigini yglan etdi Bu barada iňlis toparynyň metbugat gullugy habar berdi.

25 ýaşly kamerunly hüjümçi bilen şertnama “5+1” ýyllyk möhlet bilen baglaşyldy. Şeýle hem belläp geçsek, Kamerun milli ýygyndysynyň agzasy bolan Mbemo 2024/2025 möwsüminde “Brentford” toparynda 42 duşuşykda 20 gol we 9 netijeli pas bilen tapawutlandy.

“Mançester Ýunaýted” 2024/2025-nji ýylyň Angliýanyň Premýer Ligasynda (APL) 42 utuk toplap, 15-nji orny eýeledi. Şeýle hem topar Ýewropa ligasynyň finalynda “Tottenhem Hotspura” 1:0 hasaby bilen ýeňildi.

Related posts

Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler

Şu gün Er-Riýadda ýylyň “boks” tutluşygy bolar

Ata Watan Eserleri

Katar-2022: Ronaldo we Neýmar ýaşyl meýdança çykýar