JEMGYÝET

“Azertag”: Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjan sapary türkmen metbugatynda

Azerbaýjanyň “Azertag” döwlet habarlar gullugy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň Türkmenistanyň metbugatynda giňden beýan edilendigini habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu sapary “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň web sahypasy bilen bir hatarda “Orient”, “Türkmenportal”, “News Central Asia”, “Business Turkmenistan”, “Ashgabattimes” we beýleki neşirlerde giňden beýan edilendigi bellenildi.

Metbugat neşirleriniň sahypalarynda saparyň dowamyndaky gepleşiklere, onuň medeni maksatnamasyna giň orun berlendigi aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň umumy taryhy, dini, medeni gymmatlyklara eýedigini, bu gymmatlyklaryň iki halkyň agzybirligini, iki döwletiň uzakmöhletleýin esasda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge itergi berýändigi bellenilýär.

Şeýle hem metbugat sahypalarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ulag, logistika, söwda we energetika ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyny ösdürýändigi hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygy bellenilip geçilendigi habar berildi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsadynda

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy

Ata Watan Eserleri