SPORT

Ýurdumyzyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk 26-njy sentýabrda geçiriler

Ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony hem-de Kubogyň eýesi “Arkadag” hem-de Kubok ugrundaky bäsleşigiň finalçysy “Ahal” toparlary Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşykda güýç synanyşarlar.

Bu duşuşyk 26-njy sentýabrda geçiriler. Duşuşygyň geçiriljek ýeri soň mälim ediler.

Ýeri gelende bellesek, geçen möwsüm ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyna “Arkadag” topary mynasyp bolupdy. «Arkadag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda geçen oýunda «Ahaly» ýeňlişe sezewar etdi. Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Related posts

Türkmenistanyň futbol çempionaty: sanlar we maglumatlar

«Ahal»-yň ýeňşi baýramçylyga ajaýyp sowgat boldy. «Altyn Asyr» bolsa…

Ata Watan Eserleri

96 ýyldan soňra ýene-de 5:0-lyk ýeňiş

Ata Watan Eserleri