SPORT

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde birinjiligi eýelediler

12-nji iýulda badalga alan Russiýa Federasiýasyndan Mongoliýa Respublikasyna uzaýan «Ýüpek ýoly – 2025» rallisi 22-nji iýulda tamamlandy.

4811,58 kilometrlik menzil boýunça bäsleşen Türkmenistanyň türgenleri T2 kategoriýasynda öňdeligi eýelediler. Doganlar Toýlyýewler T2 kategoriýasynda ýeňiş gazanyp, bu ugurda birinji bolmagy başardylar. Merdan we Şöhrat Toýlyýewler 2-nji gezek bu rallide ýeňiji bolmagyň hötdesinden geldiler.

Ralli ýaryşynyň başlan wagtyndna soňuna çenli T2 kategoriýasynda türkmen ralli türgenlerine taý tapylmady. Ilkibaşda Maksatmyrat Daňatarow öňdeligi eýelän bolsa, soňky tapgyrlarda doganlar Toýlyýewler öňe saýlandy.

Şeýlelikde, Merdan we Şöhrat Toýlyýewler 2022-nji ýylda “Ýüpek ýoly” rallisinda gazanan üstünliginden soňra 3 ýyldan soňra ýene-de medal basgançagynyň iň ýokary derejesine çykdylar.


Т2 kategoriýasynyň ýeňijileri

• 1-nji orun: Merdan we Şöhrat Toýlyýew

• 2-nji orun: Meýlis Abdullaýew we Italmaz Çaryýew

• 3-nji orun: Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy