JEMGYÝET

Haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine uly ähmiýet berýär

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşygy boldy.

Duşuşykda lukman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ähmiýetine üns çekildi.

Onuň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda degişli Ylalaşyga gol çekildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl doldy. Bu döwürde maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly ösüşler gazanyldy. Ulgamyň ähli düzümlerine häzirki zamanyň ösen tejribesi we döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Bu bolsa lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegini şertlendirýär. Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň amala aşyrýan ynsanperwer işleriniň ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine, näsag çagalara degişli operasiýalaryň, sagaldyş-dikeldiş işleriniň geçirilmegine gönükdirilýändigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Marko Rubio duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov