TEHNOLOGIÝA

Niderlandlarda ilkinji sürüjisiz awtobus synagdan geçirilýär

Niderlandlarda ilkinji sürüjisiz awtobus ilkinji gatnawyna taýýarlanýar. 1-nji awgustdan başlap ýolagçylar bu awtobus arkaly Rotterdam we Gaaga howa menzillerine baryp bilerler.

Maglumata görä, geçen anna güni bu awtonom ulag synag hökmünde ilkinji saparyny ýerine ýetirdi.

Ilkinji döwürde awtobus doly awtonom işlese-de, sürüji onuň kabinasynda bolar. Onuň wezipesi — awtopilot ulgamynyň işine gözegçilik edip, geljekde doly awtomatlaşdyrylmagy üçin şert döretmekdir.

RET awtobus kompaniýasynyň wekili Tessa Dronzek ýerli metbugata beren beýannamasynda häzirki wagtda ýol hereketi düzgünleriniň we kanunçylygyň sürüjisiz, ýagny adamyň dolandyryşyna mümkinçiligi bolmadyk ulaglaryň umumy ýollarda hereket etmegine heniz rugsat bermeýändigini aýtdy.

RET-niň direktory Linda Butuň aýtmagyna görä, sürüjiler öz iş orunlary barada alada etmeli däl.

Rotterdam we Gaaga şäherleriniň howa menzillerine ýaşaýjylar we syýahatçylar awtonom awtobus arkaly baryp bilerler.

“Biz häzirki wagtda her ýyl ýüzlerçe işgär işe alýarys. Bu ýagdaý geljekde hem üýtgemez. Hakykatdanam işgär ýetmezçiligi meselesini çözmeli” diýip, ol aýtdy.

Awtobusda ýol ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin kameralar, datçikler we radarlar bar. Bu awtonom awtobus doly howpsuz hereket serişdesi hökmünde görkezilýär.

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar