JEMGYÝET

Hazaryň kenarynda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy – ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümlerini guýulýan hem-de kabul edilýän täze 3-nji gämi duralgasynyň açylyş dabarasyna ak pata berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Beýik Britaniýanyň “Petrogas” kompaniýasy bilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda bu desga guruldy.

Desganyň kuwwatlyklary barada aýdylanda bolsa, nebit önümlerini ýüklemek boýunça 2 million 60 müň tonna,  çig nebiti şeýle hem nebit önümlerini düşürmek boýunça 1 million 150 müň tonna barabardyr.

Täze desga dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyryldy we desganyň işleri awtomatiki usulda alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Marko Rubio duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov