BILIM

Türkmen okuwçylary halkara himiýa olimpiadasynda 3 medal gazandy

5 — 14-nji iýul aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 57-nji Halkara himiýa olimpiadasy geçirildi. Halkara ders bäsleşigine dünýäniň 96 döwletinden 360-dan gowrak, şol sanda ýurdumyzdan 4 sany mekdep okuwçysy gatnaşdy.

Bäsleşikde zehinli mekdep okuwçylary nazary bilimler we amaly tejribeler boýunça özara bäsleşdiler. Himiýa dersi boýunça halkara olimpiadanyň jemlerine laýyklykda ýurdumyza wekilçilik eden mekdep okuwçylary 2 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar. Has takygy, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Diýar Döwletow we Rüstem Jumaýew kümüş, şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Pälwan Ilmämmedow bürünç medallara mynasyp boldular.

Ýeri gelende bellesek, halkara himiýa olimpiadasy 1968-nji ýyldan bäri yzygiderli guralýar. Ol degişli ugur boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda abraýly bäsleşikleriň biridir. Ders bäsleşiginiň düzgünlerine laýyklykda, oňa her ýurtdan 4 okuwçynyň gatnaşmagyna rugsat berilýär. Onuň geçirilýän ýeri her ýyl üýtgeýär. Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilim ministrligi tarapyndan guralan nobatdaky bäsleşik bolsa özüniň ýokary guramaçylygy bilen tapawutlandy. Geljek ýyl bu abraýly ders bäsleşigini Özbegistanyň paýtagtynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar