“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan geçirilýän “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň täze tapgyrynyň yglan edilmegine taýýarlyk görülýän döwründe bäsleşigimiz barada Türkmen metbugatynda habarlar çykmaga başlady. Türkmenistan barada habarlary özüniň giň okyjylar köpçüligine ýetirýän http://ashgabat.in saýty bäsleşigimiz barada habary iki dilde-Türkmen we Rus dillerinde okyjylaryna ýetirdi. “Ýene-de bäsleşik, ýene-de Atavatan Türkmenistan” ady bilen berilen habarda şeýle diýilýär:
“Indi, ” Atavatan Tükmenistan” halkara žurnaly ýygy- ýygydan döredijilik bäsleşikleşiklerini geçirmekligi öz şahsy däp-dessurlaryna öwürdi diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Yzda 3 sany bäsleşigi üstünlikli tamamlan halkara žurnaly, täze bäsleşigi geçirmekligiň taýýarlyk işlerini ýokary derejede alyp barýar. Bäsleşik barada giňişleýin maglumaty www.atavatan-turkmenistan.com saýtyndan okap bilersiňiz.Bäsleşigiň ýeňijilerine 6 sany gymmat bahaly sowgatlar we 19 sany dürli möçberdäki pul baýraklary gowşurylar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek bu bäsleşige Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti” türk kompaniýasy hemaýatkärlik eder.”
http://ashgabat.in saýtynyň beýleki habarlaryny okamak üçin gök ýazylan ýere basyň!
Mälim bolşy ýaly “Ata Watan Eserleri” bäsleşigine degişli käbir habarlary saýtymyza ýerleşdirmäge başladyk Şonda ilki bilen saýtymyza bäsleşigiň ýakyn günlerde yglan ediljekdigi barada habar ýerleşdirildi. Munyň yzysüre bolsa bäsleşigiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnalýandygy sebäpli bäsleşigiň bu tapgyrynda jemi 25 baýrak sowgat berilýändigi barada habar saýtymyza ýerleşdirildi. Şonda bäsleşigiň bu tapgyrynda 6 sany gymmat bahaly sowgat bilen bir hatarda 19 sany dürli möçberlerdäki pul baýraklary ýeňijilere garaşýar. Pul baýraklarynyň jemi möçberi 25.000,00 manada barabardygy mälim edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde yglan ediler.
Bäsleşigimiz baradaky habarlary okamak üçin
Bäsleşik : 25 baýrak we jemi 25.000,00 manat möçberinde pul baýraklary
Täze döredijilik bäsleşigi ýakynda yglan ediler
Ýyldyzlar näme diýýän okyjylarymyz üçin Täleýnama sahypasy Size garaşýar