BIZNES

Himiýa toplumy: halkara bäsleşikde ýeňiji saýlandy

Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň himiýa önümçiligini çig mal bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Mejlisde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň karbamid dökünini öndürýän «Marykarbamid», «Tejenkarbamid» we «Garabogazkarbamid» zawodlarynyň diňe bir içerki bazarlaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, önümiň esasy bölegini daşary ýurtlara iberýändigi bellenildi.

Karbamidli formaldegit konsentraty bu önümçiligiň esasy çig mallarynyň biridir. Ol döküniň hiline hem-de önüm uzak ýerlere daşalanda, onuň durkunyň saklanylmagyna uly täsir edýär. Şu maksat bilen, ýokarda agzalan çig maly satyn almak boýunça halkara bäsleşigi geçirildi we ýeňiji saýlanyp alyndy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp we içerki hem-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürýän himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen şertnamalary baglaşmak baradaky meseleleriň üstünde içgin işlemegi we soňra olary degişli düzümleriň garamagyna ibermegi tabşyrdy.

Türkmenistan kimya endüstrisi: çeşitlendirme ve ihracat

Ýapon kompaniýasy Türkmenistanda harytlyk gaz desgasyny gurar

Garaboğaz Karbamid Fabrikası İnşaatı Hızlandı

Gazkimya Tesisine Ziyaret

Türkmenistan ile Japonya arasında yeni yatırım imkanları

Doğalgaz ve petro-kimya sanayi sektöründe dev yatırımlar yolda

Durmuşda peýda berjek Peýdaly maslahatlary özünde jemleýän ýörite sahypamyz

 

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri