TEHNOLOGIÝA

Uçardan ýyndam otly

Hytaýyň Ulag ministrligi magnit düşeginde sagatda 600 kilometr ýol geçip biljek täze otlynyň synag edilýändigini habar berdi.

«Ženmin žibao» gazetiniň ýazmagyna görä, häzir ýurtdaky magnit otlulary, ortaça, sagatda 350 kilometr tizlik bilen hereket edýär. Uçarlaryň tizligi bolsa sagatda 800-900 kilometre çenli ýetýär. Diýmek, täze otlynyň bellenen aralygy uçardan hem çalt geçip bilmek mümkinçiligi bar.

Mysal üçin, Pekinden Şanhaý şäherinde bir ýolagçy resminama doldurmak, garaşmak ýaly işler bilen bir hatarda uçarda 4,5, ýokary tizlikli otluda 5,5 sagatda barýar. Täze otlynyň işlemegi bilen, bu aralyk 3,5 sagada çenli gysgalar.

Related posts

“Google”-de iň köp gözlenilen sözler

Ata Watan Eserleri

Aşgabat şäher häkimliginiň “Sanly şäher” mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizilýär

Ähli Android-smartfonlar öňkiden çalt işleýär