Türkiýe bilen Russiýa döwletleriniň arasynda halkara uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň çäklerinde 519 rus syýahatçysy Türkiýäniň iň naýbaşy dynç alyş merkezi ýagny “syýahatçylyk paýtagty” hasaplanýan Antalýa dynç alşa geldiler.
Mart aýynda koronawirusy epidemiýasy sebäpli togtadylan uçuşlar 1-nji awgustda uçarlar Russiýadan Stambula we Ankara, şu günden başlap bolsa, Antalýa, Dalamana we Bodruma gonup başlady.
Syýahatçylaryň uçary Moskwanyň Şeremetýewo howa menzilinden uçup, sagat 03.25-de Antalýa howa menziline gondy.
Rus syýahatçylarynyň käbiri howa menzilinden çykan batlaryna: “”Türkiýäni we Antalýany örän küýsedik. Salam Türkiýe!”-diýdi.