TESWIRLER

Silikon Jülgesi : Startuplaryň Merkezi

Ýadyňyzda bolsa geçen ýyl  şu günlerde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa we Tehas  ştatlaryna eden gezelenjimiz barada ýol ýazgylaryny ýazmaga başlapdyk.  Şonda ilkinji makalamyzyň ady Amerika Size Garaşýar —Täze Başlaýanlar üçin bolup, şol makalada Amerika gitmek barada umumy maglumatlar  beripdik. Ikinji makalalamyz bolsa, Los Angeles – “Perişdeleriň şäheri”. Syýahat ýazgylary…ady bilen saýtymyza ýerleşidrilipdi. Şol makalada Los Angeles şäherine eden gezelenjimiz barada giňişleýin maglumat beripdik. Los Angeles şäherinden soňra Ýosemite jülgesinde gezelenç ettik we  gezelenç barada bellikleri Ýosemite Jülgesi: Steve Jobsyň “ylham mekany” ady bilen saýtymyza ýerleşdirdik.  Siz bu barada giňişleýin okamak üçin degişli makalalaryň ady ýazylýan gök ýazgynyň üstüne basyp okap bilersiňiz. Indiki gezelenç ýerimiz bolsa Silikon jülgesi barada bolar.

Biz Ýosemite jülgesine gezelenjimizi jemläp, San Francisco şäherine tarap ýola çykdyk.  Ýolda Silikon jülgesiniň merkezi diýlip kabul edilýän şäherleriň biri bolan Palo Alto şäherine düşleýäris. “Köçede baýlygyň ysy bar” diýlip aýdylýan bu şäher kiçi bir şäher bolandygyna garamazdan dünýä belli kompaniýalaryň birnäçesiniň düýbi tutulan şäher diýlip kabul edilýär we bu şäherde her ýyl millilardlarça dollarlyk pul dolanyşygy emele gelýär. Bizä “baýlygyň ysyny” alyp bilmesek hem, ýakyn geljekde halk köpçüligine yglan etmegi meýilleşdirýän täze  taslamamyza bu şäherde — Silikon jülgesinde karar berenimizi ýeri gelende belläp geçmek gerek!

Silikon jülgesi, Kaliforniýanyň San Francisco jülgesiniň bir bölegi bolup durýan San Jose jülgesiniň beýleki bir adydyr. Çip önümçiliginiň merkezi bolanlygy üçin bu at berilen hem bolsa soňraky ýyllarda  ýokary tehnologiýaly  sektorlar üçin Silikon jülgesi ady ullanmaga başlanýar. Silikon jülgesiniň başlangyç taryhy Hewlett-Packard ikilisiniň 1938-nji ýylda HP kompaniýasyny esaslandyrmagy bilen başlandy diýlip kabul edilýär. Dünýä belli HP  kompaniýasy  barada kärhananyň esaslandyryjylarynyň ýazan kitabyny Stanford uniwersitetiniň kitap dükanyndan satyn alandygymyzy nygtamak bilen, iňlis dilindäki bu kitaby Makul Hyzmat kitap tekjesinden okamak üçin alyp biljekdigiňizi ýatlatýarys.  Silikon jülgesiniň ähmiýetini nygtamak üçin Apple, Google, Facebook, Visa, Wells Fargo we  Chevron kompaniýalarynyň adyny agzamak ýeterlik bolsa gerek. Soňky 3 kompaniýa ýokary tehnologiýaly kompaniýalaryň hatarynda agzalmasa hem, bu kompaniýalaryň merkezi bu Jülgede ýerleşýär. Ortaça ýyllyk zähmet hakynyň möçberi 144 000 ABŞ dollaryna barabar bolan  bu Jülgede dünýä belli ýüzlerçe kompaniýa ýerleşýär.

 

..Ertesi ir bilen Stanford uniwersitetine gezelenje gittik. Dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan Stanford uniwersiteti hem bu şäherde ýerleşýär. Silikon jülgesiniň dünýäniň esasy startup  merkezleriniň biri bolmagynda bu uniwersitetiň uly goşandy bar. Stanford uniwersitetine gezelenç halka açyk bolup, dünýäniň dürli künjeginden bu uniwersitet bilen tanyşmaga gelen adamlary görýäris. Wagtymyzyň köpsüni uniwersitetiň kitap dükanynda geçirýäris. Biznese degişli ýüzlerçe kitabyň arasynda wagtyňyzy geçirmek, käbirini satyn almak, käbirini bolsa kitap dükanyndaky   kofe merkezinde kofe içip otyrkaň okamakdan  gyzykly zat barmyka…

Ýeri gelende Startup barada durup geçmek gyzykly bolsa gerek. Startup aslynda haýsy-da bolsa bir meseläniň çözgüdini tapmak üçin täze başlanan telekeçilige berilýän at hem bolsa, köplenç ýagdaýda startup şereketi diýlende ýokary tehnologiýaly, internet başlangyçly şereketler düşünilýär. Şu nukdaýnazardan startup şereketi çalt ösmek mümkinçiligi bolan we ösüş çägi haýsy-da bir geografik çäk bilen çäklendirip bolmajak täjirçilik başlangyjy bolup durýar.  Mysal üçin ýaşaýan şäherimizde  haýsy-da bolsa bir garbanyş merkezi açmak startup däldir, emma, häzirki döwürde onlaýn söwdanyň ösýändigini hasaba alyp, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, geljekde bolsa, dünýäniň dürli künjegine eltip bermek hyzmatyny hödürleýän bir applikasiýa döretmek startup bolup biler. Unicorn startup bolsa, milliard dollarlyk ululyga ýeten startup kompaniýalara diýilýär.

Silikon jülgesine bolan gezelenjimizi tamamlanymyzdan soňra indiki ugrumyz San Francisco şäheri bolup durýar we bu şäher barada aýratyn durup geçeris.

ABŞ syýahatymyz barada ähli makalalary okamak üçin

Amerika Size Garaşýar —Täze Başlaýanlar üçin

Los Angeles – “Perişdeleriň şäheri”. Syýahat ýazgylary

Ýosemite Jülgesi: Steve Jobsyň “ylham mekany”

Silikon Jülgesi : Startuplaryň Merkezi

Ýene-de okaň

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady

Hasaply dost uzaga gider

Ata Watan Eserleri

Söz we Hereket Bir Bolmalydyr!

Ata Watan Eserleri