Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy birek-birege mähirli sözleri aýdyp, türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça ikiçäk duşuşykda pikir alyşmak, şeýle hem halkara syýasatynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige hoşallyk bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Bahreýniň Patyşasyny dünýäniň musulmanlary üçin mukaddes bolan we ýokary ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän Gurban baýramy bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagt, dostlukly ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz we Bahreýniň Patyşasy häzirki taryhy döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýän döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, söhbetdeşler ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde we söwda-ykdysady pudagynda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwerlik ugurlarynda özara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki ugurlaryny nazara alyp, onuň anyk ugurlaryny kesgitlediler.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýlýan türkmen-bahreýn gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Bahreýniň Patyşasy sebitleýin we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, geografiki taýdan uly giňişligi gurşap alan we köp döwletleriň hem-de halklaryň durmuşyna oňaýsyz täsir ýetirýän täze görnüşli koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan COVID-19 ýokanjyna garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Ýurdumyz howply wehime garşy üstünlikli göreşmek üçin ylalaşykly wezipeleriň taýýarlanmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirmeginiň tarapdary bolup durýar.
Hoşlaşanlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa birek-birege Gurban baýramy mynasybetli hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar we iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.