Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed Bin Raşid Al Maktum bilen telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Hormatly Prezidentimiz Dubaýyň häkimini we BAE-niň dostlukly halkyny yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy bilen gutlady.
Milli Liderimiz ýokary ahlak gymmatlygyny, ruhy tämizligi we ynsanperwerligi özünde jemleýän bu mukaddes baýramyň tutuş musulman ymmatynda bitewüligiň hem-de raýdaşlygyň berkidilmegine mundan beýläk-de ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň Premýer-ministri Muhammed bin Raşid Al-Maktum öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda ýola goýlýan diplomatik, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmeginiň taraplaryň syýasy isleglerine we bähbitlerine doly laýyk gelýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz BAE bilen gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin, birek-birege ynanyşmak we netijeli ýagdaýda ösdürilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň Alyhezretine iki döwletiň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine we möhüm ugurlar boýunça ýola goýlýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine üns berýändigi hem-de şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Häzirki döwürde wajyp mesele bolan hem-de halkara söwda ulgamynda, önümçilik işinde we daşary ykdysady gatnaşyklarda çökgünligiň emele gelmegine sebäp bolan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.
Bu wehime garşy netijeli göreşmek üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu howpa garşy göreşiň täze usullaryny işläp taýýarlamakda dünýä bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-biregi Gurban baýramy bilen ýene bir gezek gutlap, iki döwletiň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdiler.