Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň howasyny barlamak boýunça geçirilen işleriň netijesinde howada tozan bölejikleriniň bardygy kesgitlenildi. Howa şertleriniň adam bedenine ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzda öňüni alyş çäreleriniň nobatdaky tapgyry geçirilýär.
Häzir tutuş adamzatda uly alada döredýän ýokanç keselleriň ýurdumyzyň çäginde ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, saglygy goraýyş edaralary, hususan-da Döwlet arassaçylyk-keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş gullugy tarapyndan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda, toplumlaýyn zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär.
Şeýlelikde, daşary ýurtlarda, ozaly bilen çäkleşýän ýurtlarda epidemiologiýa ýagdaýynyň dartgynly ýagdaýda saklanmagyny nazara almak hem-de Türkmenistanyň ilatly ýerlerinde howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, serhetýaka etraplarda we obalarda zyýansyzlandyryş işleri geçirildi.
«Toyota Hilux» kysymly awtoulagyň kömegi bilen zyýansyzlandyryjy serişdeleri sepmek arkaly geçirilýän işler häzirki wagtda dowam edýär.
Şeýle hem uly ýerleriň arassaçylygyny goramak we işleri geçirmek hem-de şol ýerlerde ýaşaýan ilatyň arasynda dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen, howa ulagy peýdalanylýar. Bu aýratyn-da, ýurdumyzyň günorta-gündogaryndan, demirgazyk-gündogaryndan hem-de demirgazygyndan öwüsýän şemallar arkaly howada tozanyň ýaýramagy bilen düşündirilýär. Ol Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen barlaglaryň netijesinde kesgitlenildi.
Hususan-da, ýokanç kesellerini ýaýradyjylary ýok etmäge gönükdirilen zyýansyzlandyryş çäreler düzümi bir göterimli hlory ýa-da 0,25 göterimli natriniň gipohlorid erginini sepmek arkaly ýeňil motorly uçaryň kömegi bilen alnyp barylýar.
Hünärmenleriň ylmy işlerine esaslanan şol işler iki tapgyrda amala aşyrylýar. Olaryň birinjisi topragy zyýansyzlandyrmaga gönükdirilendir hem-de 15 — 20 metr belentlikden alnyp barylýar. Işleriň ikinji tapgyry 50 — 60 metr belentlikden geçirilip, ýerden 40 metr belentlikde howa giňişliginde bolup biläýjek patogen mikroblary we wiruslary ýok etmäge gönükdirilendir.
Şeýle çäreler Mary, Lebap welaýatlarynyň serhetýaka zolaklarynda geçirildi. Häzirki wagtda şol işler Balkan welaýatynyň serhetýaka çäklerinde hem-de Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerine ýanaşyk ýerlerde ýaýbaňlandyryldy. Şeýle işler ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň we paýtagtymyzyň golaýyndan geçýän ýollary gurşap almak bilen dowam etdirilýär.
Uçar arkaly howadan zyýansyzlandyryjy erginiň ýaýradylmagy keselleriň öňüni almak hem-de daşky gurşawda kesel dörediji maddalary ýok etmek maksady bilen uly meýdanlary sanatariýa taýdan tiz we netijeli işlemäge mümkinçilik berýär.
COVID-19 keseliniň ýaýramagy bilen baglylykda, dünýäde dörän çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, howply ýokanjyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagyna ýol bermezlik boýunça öz wagtynda çäreleriň görülmegi netijesinde Türkmenistanda epidemioligiýa ýagdaý ýeterlik derejede durnukly bolmagynda galýar.