TEHNOLOGIÝA

Robot işgär işe başlady

Russiýanyň Perm şäheriniň döwlet edarasynda adama meňzeş robot işe başlady. Şeýle ýagdaýa Russiýada ilkinji gezek gabat gelinýär. Mundan ozal, Hytaýyň dürli şäherlerinde, Günorta Koreýada we Ýaponiýada robotlaryň dürli ýerlerde adamlara hyzmat edýändigi mälim edilipdi.

Russiýada bolsa ilkinji gezek Perm şäherinde “Promobot” kompaniýasy tarapyndan döredilen robot zenan “Meniň resminamalarym” atly köp ugurly merkezde işe başlady. Emeli robot hepdede 7 gün iki çalşykda işläp bilýär, kesellemeýär we dynç almaýar.

Adam ýaly egin-eşikli robotyň wezipesi resminamalary kabul etmek we jemgyýetçilik hyzmatlaryny bermekden ybarat. Robot adam duýgularyny göçürýär – gözleri, gaşlary, dodaklary we ýüzüň beýleki “myşsalaryny” herekete getirip biler, şeýle hem myhmanlaryň soraglaryna jogap berip bilýär.

Robot-zenan merkeze gelýänleri kabul edýär, resminamalary gözden geçirýär we resminamanyň görnüşine esaslanyp beýannama berýär. Ondan soň myhman resminama gol çekýär, robot ony gözden geçirýär we maglumat ulgamyna iberýär.

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar