SPORT

5 oýunçy çalşyrmak düzgüni dowam eder

Koronawirus ýokanjy sebäpli arakesme yglan edilip, soňra täzeden badalga alan futbol boýunça milli çempionatlaryň duşuşyklaryna täze düzgünler girizildi.

Şolaryň biri hem ozal duşuşygyň dowamynda 3 oýunçy çalşyrmaga rugsat berilýän bolsa, täze düzgün bilen çalşyrylýan oýunçylaryň sany 5-ä ýetirildi.

Bu düzgüniň 2020-2021-nji ýylyň möwsüminde hem dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Futbol assosiasiýalarynyň halkara geňeşi (IFAB) bilen Halkara futbol federasiýasy (FIFA) futbol duşuşygynyň esasy wagtynda 5 oýunçy çalşyrmak düzgünini dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýakyn wagtda degişli karar kabul ediler.

5 oýunçy çalşyrmak düzgüni koronawirus sebäpli täzeden başlan çempionatlarda futbolçylaryň  ýüküni azaltmak üçin ýola goýuldy.

Related posts

Aşgabatda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi

Tuhel “Bawariýa” toparynyň täze tälimçisi boldy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo özüni ähli döwürleriň iň beýik futbolçysy diýip atlandyrdy