Ýurdumyzyň üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligine ýetiriler

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary B.Abdyýewanyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary K.Çaryýardurdyýewiň, ýurdumyzyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewanyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onuň dowamynda berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanan dabaraly çäreleri geçirmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek hem-de Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň halkara derejedäki ähmiýetini dünýä ýüzünde giňden açyp görkezmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa söz berdi. Wise-premýer hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, geçirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, umuman, medeniýet we sungat edaralarynyň işiniň guralyşy barada hasabat berdi.

Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýew hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek, Internet serişdelerinde milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli işler baradaky syn we seljerme berýän makalalarda täze habarlary halkara maglumatlar giňişligine ýaýratmak arkaly toplumlaýyn işleri alyp barýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda ýurdumyzda iri senagat toplumlarynyň gurulýandygyny, halkara ähmiýetli ulag, ýangyç-energetika toplumy, ekologiýa, ylym we bilim, medeniýet ugurlary boýunça giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belläp, bu işleriň giňden beýan edilmeginiň hem-de olar baradaky habarlaryň dünýäniň maglumat giňişligine çykarylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli saýtlar işjeň peýdalanylmalydyr we bu ugra häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary, sanly ulgam ornaşdyrylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösüşlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek babatda birnäçe anyk görkezmeler berdi.

  • Bitaraplyk kadalaryny ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bilermenler bilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, teleradioýaýlymlarda söhbetdeşlikleri guramaly.
  • Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykdysady tarapynyň ähmiýetiniň möhümdigi barada halkara ykdysady we maliýe guramalarynyň wekilleri bilen söhbetdeşlikleri geçirmeli.
  • Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, Medeniýet ministrliginiň we bu ulgamyň edaralarynyň bellenen möhletde öz işini sanly ulgama tapgyrlaýyn geçirmeginiň hem-de elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmagynyň möhümdigini aýdyp, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ilatyny ygtybarly maglumatlar bilen üpjün etmek üçin öz Internet ulgamynyň taslamasynyň taýýarlanylmaly.
  • Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin internet ulgamynda we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite sahypalaryň döretmeli.
  • Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini beýan edýän filmleri we wideorolikleri döretmek ugrunda bäsleşikleri guramaly. Bäsleşigiň ýeňijileriniň döreden filmleriniň hem-de rolikleriniň türkmen we daşary ýurt teleýaýlymlarynda, şeýle hem media ulgamda görkezilmegini üpjün etmeli.
  • Ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «2021-nji ýyl — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» atly mowzuk boýunça makalalaryň çap etmeli.

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Lionel Messiniň dünýä çempionatyndaky täze rekordy

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Aýyň täleýnamasy 2026: Iýun

16-njy Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri