DÜNÝÄ

Eýran emeli hemralaryny 18-e çykarar

Eýran senenamasy boýunça 1399-njy ýylyň ahyryna çenli (2021-nji ýylyň 20-njy martyna çenli) ýurtda öndürilen emeli hemralaryň sanyny 18-e çykarmak meýilleşdirilýär. Bu barada Eýranyň maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary ministri Mohammad Jadaw Azari habar berýär.

«2013-nji ýyla çenli biziň 3 sany emeli hemramyz bardy. 2017-nji ýylda olaryň sany 7-ä çykdy. Şu ýylyň (1399-njy ýyl) ahyryna çenli bolsa älem giňişligindäki hemralarymyz 18-e çykar» diýip, ministr aýdýar. Esasy bellenilmeli zat, şol hemralaryň ählisi Eýranda öndürilendir.

Onuň aýtamgyna görä, ykdysady kynçylyklara garamazdan, Eýranda kosmiki işler 1,5 göterim ösüdi.

2013-nji ýylda Eýranda diňe 300 müň adam internetden peýdalanýardy. Häzir bolsa 70 million adam ýokary tizlikli internet bilen üpjün edildi.

Related posts

Hindistan täze prezidentini saýlaýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara Bileleşigiň täze ýolbaşçysyny saýlamak üçin ses berdi

Putin: Russiýany ykdysadyýetde Ýewropada 1-nji orunda goýýarlar