- Dünýä ýüzünde gözüň reňkleri boýunça iň köp ýaýrany goňur reňkli gözlerdir. Ýer ýüzüniň 55% ilaty goňur gözli diýip hasaplanylýar.
- Adamyň bedeninde iň çalt işleýän myşsa gözdür.
- Kör adamlar düýş görüp bilýärler, eger-de olar dogabitdi kör däl bolan ýagdaýynda.
- Itler ýaşyl bilen gyzyl reňkiň tapawudyny saýgaryp bilmeýärler.
- Gözleri açyk duran halatynda asgyrmaklyk mümkin däldir.
- Täze doglan çagalar aglanlarynda gözlerinden ýaş dökülmeýär. Olar 6 hepdelik bolanlaryndan soň gözi ýaşly aglap başlaýarlar.
- Haçanda kompýuteriň ekranyna sagatlarça seredilip ýa-da okalanda gözler ýadaýar. Sebäbi gözler ortaça gyrpmalardan az gyrpylýar we gözüň myşsalaryna dynç berilmeýär.
- Kosmosda basyşyň ýetmezçiligi sebäpli kosmonawtlar aglap bilmeýärler, olaryň göz ýaşlary çykmaýar .
- Adamyň gözi diňe 3 reňki, ýagny gyzyl, mawy, ýaşyl reňkleri görmäge ukyplydyr. Başga ähli reňkler şularyň garyşygydyr.
- Delfinler bir gözüni açyp uklaýarlar.
- Baýguşlar gök reňk saýgaryp bilýän ýeke-täk guşdyrlar.
- Gurçuklarda hiç hili gözleri bolmaýar.
- Ynsanyň gulaklary we burny ösmegini hiç haçan togtamaýar. Emma gözleri şol bir ölçegde durýar.
- Aslynda ynsan gözleri bilen däl, beýnisi bilen görýär. Biziň gözlerimiziň funksiýasy edil fotokameralaryňky ýaly, olar ýagtylygy tutýar we maglumaty beýnä geçirýär.
- Dünýäniň köp ýerinde gytak gözler owadan we özüne çekiji hasaplanylýar.
Taýýarlan Merjen ATAGARRYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.