JEMGYÝET

Sanly sowgat kartlary dörediler

«Twitch» kompaniýasy söwda nokatlarynda harytlary satyn almak üçin ulanyp boljak resmi sowgat kartlaryny satýandygyny yglan etdi. Mugt hyzmat bolandygyna garamazdan, «Twitch» birnäçe amatly hyzmatlary hödürleýär, şol sanda ulanyjylar bu karty teleýaýlymlara, gazet-žurnallara abuna ýazylmak ýaly hyzmatlarda hem ulanyp bilerler

Kartlar dürli bahada satylyp, olaryň bahasy 25, 50, 100 we 200 amerikan dollara barabar bolar. Häzirki wagtda ulanyjylar kartlary diňe sanly görnüşde alyp bilerler. Ýöne kompaniýanyň bildiriş blogyna görä, kartlar «Best Buy» we «GameStop» – da ýakyn wagtda elýeterli bolar. Olar häzirlikçe diňe ABŞ-nyň ýaşaýjylary üçin elýeterli bolar, ýöne ýakyn wagtda beýleki ýurtlarda hem hödürlener.

Related posts

Devlet Başkanı 5.Asya Oyunları’nda Kullanılacak Araçları İnceledi

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýada saparda bolar

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY