JEMGYÝET

Hazar-Gara deňizde dörttaraplaýyn hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dört taraplaýyn iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi we Konstansa şäherleriniň portlarynyň üsti bilen ýük daşamagy ösdürmäge, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň üstünde durlup geçildi. Bu geçelgäniň global häsiýeti hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy, önümçilik we energetika kooperasiýasyny, söwdany, maýa goýumy ösdürmekdäki mümkinçilikleri barada belläp, taraplar sanly tehnologiýalary ulanmagyň we maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmagyň mümkinçilikleri babatda hem pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri