MEDENIÝET

Gülşirin Hanowanyň täze goşgular ýygyndysy

Ýurdumyzyň zehinli şahyry Gülşirin Hanowanyň «Uçup barýan ak durna» atly goşgular ýygyndysy çap edilip, okyjylara ýetirildi.  Bu kitap ýaş şahyryň ilkinji kitabydyr. Şahyryň «Uçup barýan ak durna» ilkinji kitabynda dürli temalar boýunça döreden goşgulary ýerleşdirilipdir.

Gülşirin Hanowa ýurdumyzyň ýaş, zehinli şahyrlaryň biri hasaplanýar. Onuň döredýän goşgulary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Gülşirin Hanowanyň birnäçe goşgulary aýdyma öwrülip, ýurdumyzyň ussat aýdymçylary tarapyndan aýdylýar.

Şahyr barada gysga maglumat:

Gülşirin Hanowa 1987-nji ýylyň 2-nji awgustynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginde dünýä inýär. Gülşirin 2003-nji ýylda Mary etrabynyň 5-nji orta mekdebini tamamlaýar. Onuň ilkinji goşgular toplumy entek okuwçy döwründe «Maru-Şahu-Jahan» welaýat gazetinde çap bolup başlaýar. 2014-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň «Medeni köpçülik çäreleriniň guramaçysy», 2019-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeniýeti öwreniş, mugallym» hünärlerini tamamlan ýaş şahyr özboluşly döredijilik ýoluny dowam edýär.

 

Ýene-de okaň

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Iňlis ýazyjy Buker baýragyna mynasyp boldy

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň MEÝILNAMASY

Ýylyň şygaryna bagyşlanan ajaýyp konsert

Ata Watan Eserleri

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi geçiriler