JEMGYÝET

Türkmenistanda kompýuter önümçiligi: 160 müň sargyt

Türkmenistanda noutbuk we planşet önümçiligini ösdürilmegi babatda degişli işler ýola goýuldy. Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirilen mejlisinde bu ugurda edilýän işler barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2020 — 2021-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 159 374 sany kompýuteri satyn almak, 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

2018-nji ýylyň oktýabr aýynda döredilen bu kärhana täze kompýuterleri güýçli prosessorlar, giňeldilen RAM bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär. Has ýokary çözgüt gazanyljak ekrana aýratyn üns berler.

2019-njy ýylda bu kärhana tarapyndan körpe nesiller üçin 153 müňden gowrak kompýuter taýýarlandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady