BIZNES

Suwuň bioserişdeleri goralar

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri hem suwuň bioserişdelerini goramak boldy.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 27-nji iýunyndaky Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarly döwlet edarasy diýlip bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň çäk suwlarynda we içerki suw howdanlarynda balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak hakynda düzgünnamanyň» rejelenen görnüşiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň täsin tebigatyny, şol sanda Hazary gorap saklamak meselelerine Türkmenistanyň uly ähmiýet berýändigini nygtady. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň başlangyjy bilen kenarýaka döwletleriň bäşisiniň arasynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi.

Şol ylalaşyklaryň hatarynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly Konwensiýa (Tähran konwensiýasy), Hazaryň biologik köpdürlüligini gorap saklamak hakynda Teswirnama (Aşgabat Teswirnamasy), Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk bar.

Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda V Hazar sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýanyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekip, munuň bäş ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin şertleri döredendigini, dürli ugurlar boýunça ýakyn gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilikleri açandygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Ekologiýa howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak, täsin tebigy suw giňişligi bolan Hazaryň bioköpdürlüligini gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak ulgamyndaky möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi Türkmenistanyň bu ugurdaky kadalaşdyryjy namalaryny döwrüň talaplaryna hem-de umumy kabul edilen kadalara laýyk getirilmegini talap edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçirilýän işleriň wajypdygyny belläp, Türkmenistanyň çäk suwlarynda we içerki suw howdanlarynda balyk tutmak hem-de suwuň bioserişdelerini gorap saklamak hakyndaky düzgünnamanyň täze rejelenen görnüşiniň taslamasyny degişli düzümler bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Ýene-de okaň

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy