JEMGYÝET

Koronawirusynyň pandemiýasy bilen göreşmekde BSG-nyň utgaşdyryjy orny

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin Edarasynyň Direktory doktor Hans Klýuge bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşyndа Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejeliligi nygtalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap Antoniu Guterriş bilen golaýda bolup geçen telefon arkaly söhbetdeşligine salgylanyp, doktor Klýuge Türkmenistanyň Baştutanynyň gymmatly başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi.

Taraplar täze görnüşli koronawirusynyň pandemiýasy zerarly sebitdäki we dünýädäki häzirki ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan tarapyndan aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de milli saglygy goraýyş ulgamynyň aýratynlyklary barada hem aýdyldy.

Pandemiýa bilen göreşmekde BSG-nyň utgaşdyryjy orny barada gürrüň edip, taraplar türkmen we daşary ýurtly bilermenleriň arasynda bu ugurda bilermenlik başarnyklarynyň alyşylmagynyň zerurlygyny nygtadylar.

Taraplar tutuş adamzadyň bähbitleriniň hatyrasyna gönükdirilen Türkmenistanyň we BSG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady