Biz ýokarda diliň beýleki ylymlar bilen baglanyşygynyň saýgarylmagyndan gürrüň gozgapdyk. Şoňa görä-de bu ýagdaýyň ilkinji ädimi hökmünde dil bilen himiýanyň özara baglanyşygyny tapmaklyga synanyşdyk.
Eýsem, dil bilen himiýanyň nähili gatnaşygy bolup biler? Başgaça aýdylanda, diliň himiýasy diýmek näme diýmekdir? Şu we şuňa meňzeş soraglara dogry jogap bermek üçin ilki bilen sözlükleriň himiýa bilen baglanyşykly berýän düşündirişiniň içgin öwrenilmegini ýerlikli hasaplaýarys.
“Himiýa, materiýanyň düzümini, içki gurluşyny, hil taýdan özgerişleriň kanunylygyny, hil taýdan bolan özgerişler netijesinde täze maddalaryň ýüze çykyş kanunlaryny öwrenýän ylym”[TDS,1962: 713]
“Himiýa, maddalaryň düzüminiň we gurluşynyň üýtgemegi bilen birlikde olaryň başga bir madda öwrülmek häsiýetlerini öwrenýän ylym”[TDDS, 2016: 541]
Geliň, bu kesgitlemäniň esasyna dil bilen baglanyşykly umumy formaty atmaklyga synanyşalyň. Turuwbaşdan deňeşdirme häsiýetli dil deňlemeleriniň käbir nusgalaryny anyklamak üçin täzeden gözden geçireliň:
“maddalar” = sesler, fonemalar, sözler, söz düzümleri, sözlemler, tekstler, pikirler…
“maddalaryň düzümi”= sesleriň düzümi, fonemalaryň düzümi, sözleriň düzümi, söz düzümleriniň düzümi, sözlemleriň düzümi, tekstleriň düzümi, pikirleriň düzümi…
“maddalaryň gurluşy”= sesleriň gurluşy, fonemalaryň gurluşy, sözleriň gurluşy, söz düzümleriniň gurluşy, sözlemleriň gurluşy, tekstleriň gurluşy, pikirleriň gurluşy…
“maddalaryň başga bir madda öwrülmegi” = sesleriň başga bir sese öwrülmegi, fonemalaryň başga bir fonema öwrülmegi, sözleriň başga bir söze öwrülmegi, söz düzümleriniň baga bir söz düzümine öwrülmegi, sözlemleriň başga bir sözleme öwrülmegi, temalaryň başga tema öwrülmegi, tekstleriň başga bir tekste öwrülmegi, pikirleriň başga bir pikire öwrülmegi…
Mundan soňra bu ýagdaýy molekula sözüniň kömegi bilen anyklamaga synanyşalyň.
Himiki molekula, elementleri ýa-da birleşmeleri emele getirýän we olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny görkezýän iň kiçi birligidir.
Lingwistik molekula, fonemalary, bogunlary, sözleri, söz düzümlerini, sözlemleri we şuňa meňzeş bölekleri emele getirýän we olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny görkezýän diliň iň kiçi birlikleridir.
Himiki molekula, bir ýa-da birnäçe atomyň birleşmeginden emele gelen we birnäçe ýadro ýa-da elektron gurluşdyr.
Lingwistik molekula, bir ýa-da birnäçe fonemalaryň, bogunlaryň, sözlerin, söz düzümleriň, sözlemleriň birleşmeginden emele gelen we birnäçe fonetik, leksiko-semantik, morfologik, sintaktik we logik gurluşlardyr.
Himiki molekula, bir bütewiniň iň kiçijik parçasydyr.
Lingwistik molekula, dil birlikleriniň iň kiçijik parçasydyr.
Bilnişi ýaly, diliň hem düýp-teýkary tymsala baglydyr. Başgaça aýdylanda, dil tymsala eýerýär, düýbi tymsaldan tutulandyr. Şeýle hem diliň köpsanly we häsiyetli aýratynlyklyklary özünde jemleýän birlikleri bardyr. Şöl birlikleriň her biri gepleşikde (sözleýişde) owunjak owazlar bilen, ýazuwda bolsa täsinje tagmajyklar (yşaratlar, harplar) bilen ýüze çykarylýar.
Bu ýagdaýy hut “nano” sözüniň kömegi bilen düşündirmäge synanyşalyň. Umumylykda alanyňda, “nano” sözi aşakdaky ýaly bir bütewi madda bilen deňdeş diýip kabul edeliň.
Ýokardaky şekilden ugur alyp, bu maddany dört bölege böleliň we olaryň her bir bölegine doly we dogry düşünmek üçin şol bölekleri ýörite sanlar bilen belgiläliň:
Bu maddany doly we dogry düşündirip bilmek üçin, onuň düzümini emele getirýän iň kiçijik molekulalaryny (1, 2, 3, 4) dilimiziň tymsal tagmajyklary bilen beýan edeliň:
Şeýlelikde, gürrüňi edilýän sözüň (nano) dilde sözleýşe ýa-da ýazuwa geçirilen nusgasy aşakdaky görnüşe eýe boljakdyr:
Sözüň gurluşyndaky fonemalaryň we bogunlaryň molekulasyny gözden geçireliň: bu sözdäki fonemalaryň matematika babatdan täk sanlar diýlip hasaplanylýan 1 we 3 parçajyklaryndan ybarat bolan bölejikleri çekimsiz atomlardyr: n-; -n-; jübüt sanlar diýlip hasaplanylýan 2 we 4 parçajyklaryndan ybarat bolan bölejikleri bolsa çekimli atomlardyr: -a-; -o.
16+1 we 16+18 molekulalaryň birleşmeginden emele gelen iň kiçijik bölejikleri açyk bogunlaryň atomlarydyr: 16+1 = na-; 16+18 = -no.
(dowamy bar)
Edebiýatlar:
1.Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ: [тезисы Межд. Научно-практической конференции]. Москва, 2007.
2.Орёл М. А. Нанофилология, или бывают ли мелочи в переводе?. Мосты. Журнал переводчиков. Москва. № 4 (32), 2011, С. 31-43.
3.Потанова Р.К. Нанотехнологии и лингвистика: прогнозы и перспективы взаимодействия. «Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ». Москва, 2007,–С. 8-11.
4.Свинкина М.Ю. Язык наноиндустриализации: Нанолингвистика. Труды молодых ученных. Вестник ВолГу. Серия 9. Вып. 11.2013, С. 195-197.
5.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: векторы формирования. Вестник ЛНУ iменi Тараса Шевченка .№ 24 (259). Ч.1., 2012, С. 9-16.
6.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: возможности обновления интерпретаций. Ученные записки Таврического национального университета им. В.И. Вернадского. Серия «Филология. Социальные коммуникации»-Том 25 (64) –Ч.№ 2. Луганск, 2005,–С. 186-193.
7.Словарь иностранных слов. Москва. Русский язык. 1988.
8.Червякова Л. Д. Валидность нано в лингвистике: Нанолингвистика – академическая наука или фрик-лингвистика. Международный журнал прикладных и фундаментальных исследований. № 2, 2018, С. 213-220.
9.Червякова Л. Д. Правомерность существования нано-лингводидактики. Росский научный журнал. № 4 (42), 2014, С. 214-220.
- Б. Н. Базылов. Науке о языке XXI века: Словарь-справочник. М:2013.
11.A.Nurmuhammedow. Türkmen diliniň fonetikasy. I kitap. Fonemalar sözyleýişde. Aşgabat: Ylym, 2019, 520 s.
12.A.Nurmuhammedow. Türkmen diliniň fonetikasy. II kitap. Sözyleýşiň fonetik gurluşy. Aşgabat: Ylym, 2019, 436 s.
13.A.Nurmuhammedow. Türkmen dilinde söz basymy (eksperimental-fonetik derňew). Aşgabat: Ylym, 2012, 260 s.
14.A.Nurmuhammedow. Türkmen dilinde sözüň singarmonizm hadysasy. Aşgabat: Ylym, 2013, 332 s.
- Efrasiyap Gemalmaz, Türkçenin Derin Yapısı, Yayıma Hazırlayanlar Cengiz Alyılmaz-Osman Mert. Belen Yayıncılık, Ankara 2010, XXVI+574 s.