MEDENIÝET

Türkmenistanda medeniýet edaralary baryp görmek üçin açykdyr

Düýn  ÝUNESKO-nyň howandarlygynda dünýäniň iki ýüzden gowrak ýurdunyň medeniýet ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda onlaýn wideomaslahaty geçirildi, onuň dowamynda ählumumy pandemiýa şertlerinde medeniýet edaralaryna goldaw bermek boýunça geçirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapyndan häzirki wagtda Türkmenistanda bütin dünýäde bolşy ýaly, bu keseliň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreleriň geçirilýändigi habar berildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öz wagtynda görlen çäreleri netijesinde ýurdumyzyň çäginde onuň ýaýramak howpy aradan aýryldy. Şol sebäpli hem muzeýler, kitaphanalar, konsert zallary ýaly medeniýet edaralary baryp görmek üçin açykdyr hem-de bu ugurda hiç hili çäklendirmeler ýokdur.

Mundan başga-da, onlaýn tertibinde halkara derejeli dürli medeni çäreleri geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilen şeýle çäreleriň biri hem «Bitarap Türkmenistan: parahatçylygyň we rowaçlygyň kepili» atly halkara fotosergi we maslahatdyr, ol maý aýynda ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralar.

Häzirki güne çenli dünýäniň 12 ýurdundan fotosuratçylar sergä gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Ýene-de okaň

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy

Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalary ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler