Şweýsariýa dünýäde iň rahat hem-de arassa döwletleriň biridigi hemmämizde mälim bolsa gerek. Eýsem-de eger-de bir Şweýsariýa döwletine syýahat edenimizde ilki bilen nireden başlamaly? Syýahatçylar esasan haýsy şäheri düşelge edinýärler? Şweýsariýa döwletinde syýahatyň gyzykly geçmegi üçin nämeler edip bolar? — diýen soraglar megerem her bir syýahatçynyň aňynda aýlanýan bolsa gerek. Geliň indi bolsa Şweýsariýa döwletiniň haýsy künjeklerine ilki bilen syýahat etmelidigi bilen tanyşalyň.
Eger-de siz Şweýsariýa syýahat edýän bolsaňyz ilki bilen Bazel şäherine barmak maslahat berilýär. Bu ajaýyp şäher Kiçi Bazel we Uly Bazel atly iki sebite bölünýär. Syýahatçylar bu ýerde derman senagatlary, ajaýyp gözel ýerleri, taryhy binalary we desgalary bilen tanşyp bilerler. Eger-de bu şäheriň gözelligini has içgin synlamak isleseňiz gaýyk bilen aýlanmak maslahat berilýär. Siz bu şäherde gaýyk bilen syýahat eden mahalyňyz, şäheriň tebigy gözelligini we başga-da birnäçe ajaýyplyklar bilen tanyş bolup bilersiňiz.
Şweýsariýa döwletine syýahat üçin ýene-de bir iň naýbaşy ýerleriň biri hem Bern şäheridir. Şäherde ajaýyp diňler, owadan suw çüwdürimleri, taryhy gözel ýerler we haýran galdyryjy gözel ýerler ýerleşýär. Eger-de siz bu şähere tomus aýlarynda gelen bolsaňyz, Aare derýasynda ýüzmegi ýadyňyzdan çykarmaly däldir. Derýanyň ajaýyp arassa suwy dynç almak üçin iň amatly ýerleriň biridir. «Bern şäheri her bir syýahatçynyň görmeli şäherleriň biri» — diýip şähere gelýän syýahatçylar belleýärler.
Matterhonyň eteginde ýerleşýän Zermatt şäheri syýahatçylar üçin iň owadan we dynç alyş ýerleriň biridir. Bu ýerde lyžadan typyp, lezzet almak üçin iň amatly ýerleriň biridir. Bu ýerde kabel awtoulaglary we dag dynç alyş merkezleri hereket edýär. Zermatt şäherinde pyýada gezmek has amatly hasaplanýar. Şonuň üçin ýöremegi halaýan syýahatçylar üçin Zermatt şäheri Şweýsariýada ilkinji düşelge hasaplanýar.
Ženewa şäheri Şweýsariýada halkara derejesinde geçirilýän ýerleriň merkezi hasaplanýar. Eger-de siz Şweýsariýa iş sapary bilen gelen bolsaňyz şäherde birnäçe sany dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň merkezi binalary bar. Şäheriň iň özüneçekiji ajaýyp ýerleriň biri-de dünýäniň iň beýik çüwdürimi hasaplanýan «Jet D’Eau» suw çüwdürimidir. Bu gözelligi görmäge gelýän syýahatçylaryň sany barha artýar. Mundan başga-da siz Ženewa şäherinde birnäçe sany ajaýyp muzeýlere, gül çemenzarlyklara, tebigat taryhy muzeýlere we owadan dizaýn edilen buthanalara we başga-da şäheriň ajaýyp ýerlerine aýlanyp, lezzet alyp bilersiňiz.
Şweýsariýanyň medeni we taryhy merkezi hasaplanýan Sýurih şäherine syýahatyňyzda wagt aýyrmak maslahat berilýär. Şäherde ýurduň iň muzeýdir sungat galereýa merkezleri ýerleşýär. Sýurih şäherine gelip dünýä derejesinde ýerine ýetirijileri we aýdym saz dünýäsinde meşhurlyk gazanan opera teatrlardan lezzet almagy unutmaň.