BIZNES

“Twitter”-den 1 milliard dollarlyk kömek

Amerikanyň “Twitter” kompaniýasynyň baş direktory Jek Dorsi koronawirus keseline garşy göreşmek üçin 1 milliard dollar bermek kararyna geldi. Bu barada dünýä metbugatynda beýan edilýär.

Internet ulgamyndaky jemgyýetçilik torunyň esaslandyryjy Dorsi jemi emläginiň 28 göterimini, ýagny 1 milliard dollar möçberinde kömek bermegi göz öňünde tutandygyny mälim etdi. Ol bu pul möçberini “Start Small” gaznasyna berdi. Dorsi bu barada özüniň “Twitter” hasabyndan hem mälim etdi.

Dorsi mundan beýläk-de ähli haýyr-sahawat işleriniň aýdyňlyk bilen beýan ediljekdigini, koronawirus keseli aradan aýrylandan soňra gaznanyň galan pul möçberini bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmek üçin sarp etjekdigini belledi. Hususan-da gyzlaryň sagdyn we bilimli bolmagy üçin harçlanjakdygy mälim edildi.

Related posts

Russiýa türkmen gazyny satyn alar

vepa

Plastmassa we polietilen önümleri Türkmenistanda öndürilýär

Ata Watan Eserleri

Dubaý bir gezeklik plastik gaplardan ýüz öwrer

vepa