SIZDEN GELENLER

Ýazlarda ýaşlyk bar

Bahar! Bu sözde gör, nähili ýürekleri özüne bendi edýän ajaýyp ýakym bar. Tebigata jan berýän, göwünlerimize joşgun eçilýän baharda kalplara ýakyn mylaýymlyk bar. Biz oňa her ýyl diýarymyza kükräp bahar gelende, hasam oňat göz ýetirýäris. Bahar ýaly kalplara serginlik eçilýän, hyýalymyzy täze duýgulara atarýan bu ajaýyp pasylda ebedilik gözelligiň çeşmesi jemlenen. Şol gözellik durmuşymyzda aýratyn orun tutýar. Eýsem-de, gözel zatlaryň orny hemişe-de başgaça bolýar ahyry.

Gözellikden gözbaş alýan baharda ýaşlyk, ýaraşyklylyk bar. Göwünlerimize  nur eçilýän baharda tebigata seýrana çykyp, belent gerişli daglaryň tämiz howasyndan kükregiňi dolduryp dem alanyňda, durmuşyň gözelligine guwanýarsyň. Kalbymyzyň joşgunly duýgularyna täzeden jan berýän ýazyň sergin gijeleri, nurana säherleri juda ýakymly. Pasyllaryň soltany baharyň tebigata eçilýän özboluşly gözelligi kalbymyzda soňlanmaz söýgüni döredýär. Şol söýgi hem, dünýämizi sowulmaz ýaza öwürýär.

Ýazda ylhamyň keşbi bar. Ýazyň müşki-anbar ysly güllerinde duýgudan püre-pür kalbymyzy görýäris. Täze gelniň çog deýin gyzyl kürtesine çalymdaş ýazyň gyrmyzy bägülleri, tämiz duýgularymyza joşgun berýär. Ýaz gözelligiň aşygy. Şonuň üçin biz hem, gözelligiň gözbaşy bolan ýazyň aşygy.

Biziň diýarymyza baharyň gelşi ajaýyp. Çünki halkymyzyň kalby bahar ýaly nurana hem görkana. Bahar pasly öz ornuny beýleki pasyllar bilen çalyşýan hem bolsa, ol öz gözelligini dünýämizde ebedilik galdyrýar. Şol gözellik ýüreklere röwüş çaýýar. Türkmen tebigatyna görkana bahar gelende, mawy asmanyň zemine eçilýän peşgeşi bolan ýagyşlar, gözelligiň joşguny bolup ýagýar. Ýagyşdan soň asmanyň ýüzünde peýda bolýan älemgoşar päkize arzuwlarymyza ganat berýär. Mahlasy, täzelenişiň pasly bolan baharda kalbymyz täze arzuwlara ýaran bolýar.

Baharyň görkana gözelliginden ynsana doýma barmy näme?! Ählimiz, gözelligiň aşygy. Biz durmuşda gözümize, göwnümize yssy gören zadymyzy bahara meňzedýänimiz hem şonuň üçin bolsa gerek. Mahlasy, baharda gözelligiň gudraty bar. Şol gudrat bolsa, bizi özüniň sergin dünýäsine maýyl edýär. Baharda baglarda saýraýan guşlar hem, göýä bagtyň owazyny çalýana meňzeýär. Ol owaz hakykatdanam bagtyň owazy. Ol owaz biziň gözellige teşne kalbymyzda ýaňlanýar. Ýaňlanýar-da, bagtyýar Watanymyzyň baky baharyna öz heňini goşýar.

Bahar pasly hemişe kalbymyza görkanalyk eçilip, dünýämize şugla saçsyn!

 

Aýjemal GAÝLYÝEWA, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Ýene-de okaň

Sanly ulgam – täze mümkinçilikleriň sazlaşygy

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy