SIZDEN GELENLER

Zähmet – iň uly terbiýeçidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan oňyn özgertmelerden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilimleri öwredýäris, milli terbiýäni ýola goýýarys. Nesil terbiýesi ähli döwürleriň, jemgyýetleriň iň wajyp meselesi bolmak bilen, munda halklaryň, milletleriň iň asylly ýörelgeleri dowamat-dowam bolýar. Pederlerimiz bu ugurda nusgalyk mekdebi döredip, nesilleri watansöýüjilik, lebzihalallyk, gaýratlylyk, umuman, halkymyzyň iň asylly gylyk-häsiýetleri esasynda terbiýeläpdirler.

Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap bilim ojaklarynda ähli dersleri talabalaýyk geçmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň hatarynda zähmet sapagy hem bardyr. Zähmet mugallymy mekdep okuwçylaryny durmuşa, döredijilikli zähmet işine taýýarlaýar, olarda zähmet başarnyklaryny we endiklerini
kemala getirýär, zähmet, ahlak, gözellik terbiýesini amala aşyrýar, olary hünäre taýýarlaýar.

Zähmet okuwy beýleki dersler bilen bilelikde şahsyýetiň kemala gelmeginde, syýasy aňly-düşünjeliligiň terbiýelenmeginde, ýokary ahlak häsiýetleriň kemala gelmeginde möhüm orny eýeleýär. Şunda mugallymyň taýýarlygy, onuň bilimi, işe gyzyklanmasy bu köp derejede okuw işini kämilleşdirmek meselesini üstünlikli çözmäge, ýurdumyzda ösýän ylmy-tehnikanyň talaplary, döwrebap ylmy ýörelgeleriniň we medeniýetiniň umumy derejesi bilen gabat gelmelidir.

Zähmeti okatmagyň usulyýeti dersiniň esasy meselesi geljekki mugallymlara okuwyň usullaryndan, tärlerinden, gurallaryndan nähili peýdalanmalydygyny öwretmekden ybaratdyr. Şunda zähmet sapaklarynda okuwçylaryň, aýratyn hem gyzlaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyklaryny gazanmakda, el işleriniň inçeligine, nepisligine, olaryň gadymylygyna, milliligine bolan ukypdyr zehinini, başarnygyny açyp görkezmekde, çeper elli gyzlary ýüze çykarmakda uly işler alnyp barylýar. Mekdeplerde dürli zähmet gurallary, tikin maşynlary bilen gurnalan ýörite synp otaglary bar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arassa ahlakly, sagdyn nesli terbiýelemek hemmeleriň, şol sanda mugallymlaryň hem borjudyr, bu bolsa ýadawsyz zähmeti talap edýär. Şu ýerde zähmet baradaky käbir nakyllary hem belläp geçmek bolar. Olaryň hatarynda: “Zähmet – maddy söýgüdir, söýginiň maddylaşmagydyr”,  “Zähmet – mertebedir, mertebäňden ýüz dönderme!”,  “Zähmet – ömrüň wepasydyr”, “Şu günki işiňi ertä goýmak – şu günüň zähmetiniň lezzetinden we miwesinden özüňi mahrum etmekdir”,  “Yhlaslylyk, zähmetsöýerlik bagtyň ýaranydyr”, “Zähmet adamy kämillige, ýaşaýşy bolsa – gözellige ýetirýär”,  “Zähmet – adamyň öz-özüni ykrar etmegidir”, “Zähmet – bagtyň çeşmesidir”, “Zähmet – baýlygyň doganydyr”, “Zähmet – iň uly terbiýeçidir” diýen dana nakyllardan hem grnüşi ýaly, zähmet adamyň iň uly terbiýeçisidir.
Biz — bilim işgärleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary gymmatly gollanma bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki nakyllary we atalar sözlerini sapakda ulanyp, bilimiň hilini has-da gowulandyrmaga goşant goşýarys.

Gurbanjemal Hojamuhammedowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Sagdyn durmuş – nurana geljek

Dil bilen dünýäni gezer

Ata Watan Eserleri

Bedew at menzil keser

Ata Watan Eserleri

Ekologiýa — ileri tutulýan ugur

Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk