DÜNÝÄ

9-njy martda saýlawlary geçirer

Günorta Koreýada 9-njy martda geçiriljek saýlawynyň öňüsyrasynda ýurduň gün tertibine “kelleşme” meselesi geldi.Prezidentlige dalaşgär Li Jae-myungyň saç dökülmegi we transplantasiýa bejergisiniň milli saglyk ätiýaçlandyryş maksatnamasy tarapyndan öz içine aljakdygyny öňe sürüp, köp sanly saýlawçynyň goldawyny alandygy habar berildi.Li žurnalistler bilen söhbetdeşlikde saç ekmek bejergisiniň milli saglyk ätiýaçlandyryş maksatnamasy tarapyndan, şeýle hem sosial media hasabynda “Saç dökülmesini bejermek boýunça ajaýyp syýasaty hödürlärin” diýdi. Öňki saýlawlarda Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy, ABŞ bilen gatnaşyklar we ykdysady meseleler esasy gün tertibine öwrülen bolsa-da, mart aýynda geçiriljek prezident ses berişliginden öň “saç dökülmegi” ara alnyp maslahatlaşylýandygy aýdylýar.Saç dökülme meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlaryň onlaýn platformalarda bu teklibi goldaýandyklary bellenilse-de, dolandyryjy partiýanyň dalaşgäri Li ses almak üçin populizmi ulanandygy baradaky tankytlar hem bar. Sosial media platformalarynda: “Jae-myung doganym. Men seni söýýärin. Men seni Mawy öýde oturdaryn.” we “Alyhezreti, jenap Prezident! Koreýada ilkinji gezek kel adamlara täze umyt berýärsiňiz”, ýaly birnäçe goldaw habarlary paýlaşyldy.Habarlara görä, Günorta Koreýalylaryň her bäşisinden biri saç dökülmeginden ejir çekýär. Häkimiýet başyndaky Demokratik partiýanyň dalaşgäri Li Jae-myung we esasy oppozisiýa halk güýçleri partiýasynyň dalaşgäri Seok-ýoul 9-njy martda Günorta Koreýada geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşar.

 

Türkmenistanyň futzaldaky basdeşleri belli boldy

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi